Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Baýdak baýramy bellenip geçilýär


Ýekşenbe güni Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni milli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär.

Şu ýylyň 19-njy fewralynda garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilenine dogry 20 ýyl dolýar.

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny yglan etmeginiň yzýany onuň Döwlet baýdagy-da dessine döredilipdi.

Ýöne aradan birnäçe ýyl geçip, Baýdak baýramyny 19-njy fewralda bellemeklik karar edildi.

Käbir synçylar Baýdak baýramyny 19-njy fewralda bellemeli edilmeginiň sebäbini şol günüň ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan günüdigi bilen düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG