Sepleriň elýeterliligi

Türkmen hökümetiniň düzümi täzelenýär


Ikilenji möhlete prezident saýlananan Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni hökümet strukturasynda ençeme kadrlar çalşyrylyşygyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň konstitusiýasyna laýyklykda, prezidentiň we hökümet başlygynyň täzeden saýlanmagy bilen, Ministrler Kabineti dolulygyna işden çekilýär.

Şu ýagdaýy göz öňünde tutup, şenbe güni prezident Berdimuhamedow Ministrler Kabineti täzeden düzülýänçä, ozalky hökümet agzalaryndan öz wezipelerinde wagtlaýynça galmaklygy haýyş etdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol şenbe günki maslahatda medeniýet işlerini dolandyryjy "Berdimuhamedow Ministrler Kabineti täzeden düzülýänçä, ozalky hökümet agzalaryndan öz wezipelerinde wagtlaýynça galmaklygy haýyş etdi".

"Berdimuhamedow Ministrler Kabineti täzeden düzülýänçä, ozalky hökümet agzalaryndan öz wezipelerinde wagtlaýynça galmaklygy haýyş etdi".

wise-premýeriň wezipesine Bägül Nurmyradowany belledi. Mundan ozal bu wezipäni Maýsa Ýazmuhammedowa eýeleýärdi.

Premýer-ministriň ylym, magaryf, saglygy saklaýyş we sport meseleleri boýunça orunbasary wezipesine şenbe güni Sapardurdy Toýlyýew bellendi.

Mundan daşary, medeniýet ministriniň wezipesini Gunça Mämmedowa, bilim ministriniň wezipesini Gülşat Mämmedowa, saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministriniň wezipesini bolsa Gurbanmämmet Ylýasow eýeledi.

Şeýle hem, turizm we sport boýunça Döwlet Komitetiniň başlygy wezipesine Ferhat Arjanow, Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine Gyzylgül Nurgeldiýewa we Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň başlygy wezipesine-de Begdurdy Amansaryýew bellendi.
XS
SM
MD
LG