Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Aýallar bileleşigi Maýsa Ýazmuhammedowany başlyklyga saýlady


TDH gullugynyň maglumatyna göra, Türkmenistanyň Aýallar bileleşiginiň Merkezi geňeşi hepde ahyrynda geçiren maslahatynda Maýsa Ýazmuhammedowany bu guramanyň başlygy wezipesine saýlapdyr.

Maýsa Ýazmuhammedowa soňky dört ýylyň dowamynda medeniýet meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeläpdi.

Aýallar bileleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesini ozal Tumar Muhammedowa ýerine ýetirýärdi.
XS
SM
MD
LG