Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer guramasynyň täze wise-prezidenti saýlandy


TDH gullugynyň maglumatyna görä, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer guramasy hepde ahyrynda geçiren maslahatynda guramanyň wise-prezidenti Annagurban Aşyrowy wezipesinden boşatmak barada karar kabul edipdir. Bu wezipä Muhammet Abalakowyň saýlanandygy habar berilýär.

Mundan ozal Abalakow Saud Arabystanynda we Müsürde ilçi we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili bolup işläpdi.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyndan öň, 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer guramasy 14 döwletden bolan türkmenleri ynsanperwer gymmatlyklary esasynda jemleýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer guramasynyň prezidentidir.
XS
SM
MD
LG