Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Britaniýa Ysraýyly Eýrana hüjüm etmezlige çagyrýar


Eýranyň Natanz ýadro desgasynynyň golaýynda, 2007-nji ýyl.

Eýranyň Natanz ýadro desgasynynyň golaýynda, 2007-nji ýyl.

Birleşen Ştatlaryň Goşma serkerdeler ştabynyň başlygy, general Martin Dempsiý we Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýg Ysraýyly Eýranyň ýadro programmasyna garşy hüjüm etmezlige çagyrdylar.

Ýekşenbe güni CNN-e beren interwýusynda Dempsiý Eýrana hüjüm etmäge Ysraýylyň mümkinçiliginiň bardygyny, ýöne haýsydyr bir hüjümiň Eýranyň ýadro programmasyny diňe iki ýyla yza çekip biljekdigini aýtdy.

BBC-de eden çykyşynda Heýg “Eýranyň garşysyna häzir hüjüm gurnamak Ysraýyl üçin paýhaslylyk däl” diýip belledi.

Dempsiý bilen Heýg Eýrana garşy girizilen täze halkara sanksiýalarynyň täsir edip başlamagy üçin köpräk wagtyň gerekdigini nygtadylar.

Eýranyň ýadro programmasy barada Ysraýylyň aladasy gitdigiçe artýar. Ysraýyl Tähranyň ýadro ýaragyny edinip, ony Ysraýyla garşy ulanmak mümkinçiliginden, şeýle hem ýewreý döwletine garşy Eýranyň raketa atmagyndan ýa-da Ysraýylyň ýakynynda ýerleşýän “Hamas” ýa-da “Hizbullah” wekillerini raketa ýaragy bilen üpjün etmeginden howatyrlanýar.
XS
SM
MD
LG