Sepleriň elýeterliligi

Müsür Siriýadaky ilçisini yzyna çagyrdy


Kairde daşary işler ministrleriniň geçiren duşuşygynda Siriýanyň Arap Ligasyndaky wekiliniň orny boş dur, 12-nji fewral.

Kairde daşary işler ministrleriniň geçiren duşuşygynda Siriýanyň Arap Ligasyndaky wekiliniň orny boş dur, 12-nji fewral.

Ýekşenbe güni Müsür özüniň Siriýadaky ilçisini yzyna çagyrandygyny mälim etdi.

Müsüriň bu karary Siriýada prezident Başar al-Assadyň howpsuzlyk güýçleriniň hökümete garşy pitneçileri zor bilen basyp ýatyrmaklaryny ýazgarýan halkara jemgyýetçiliginiň aladasynyň güýçlenmeginiň fonunda yglan edildi.

Bu karara Müsüriň daşary işler ministri Mohamed Amryň Kaire çagyrylan Müsüriň Damaskdaky ilçisi bilen duşuşygynda gelindi. Ministriň sözçüsi Amr Ruşdiniň aýtmagyna görä, ilçi indiki karara çenli Kairde galar.

Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Siriýanyň hökümet güýçleri ýekşenbe güni Homs şäherini täzeden top okuna tutupdyrlar. Bu şäher 11 aý dowam edýän protestleriň merkezi hasaplanýar.

BMG-niň ýanwar aýynda beren maglumatyna görä, 2011-nji ýylda Siriýa dawasynda ölenleriň sany azyndan 5,400 adam bolupdyr.
XS
SM
MD
LG