Sepleriň elýeterliligi

Meşhur aýdymçy Witniý Hýuston Nýu-Jerside jaýlandy


Amerikaly meşhur aýdymçy we aktrisa Witniý Hýuston ýekşenbe güni maşgalasynyň we ýakyn ýoldaşlarynyň gatnaşmagynda Nýu-Jersiniň gonamçylygynda jaýlandy.

Pop ýyldyzy 11-nji fewralda 48 ýaşynda Kaliforniýada aradan çykypdy. Onuň ölüminiň sebäpleri häzirlikçe belli edilmedi.

Witniý Hýuston 1980-nji we1990-njy ýyllarda “Men näbileýin”, “Men elmydam seni söýerin” diýen aýdymlary bilen meşhurlyk gazanypdy. Ol birnäçe ýyllap saglygyna zeper ýetiren neşekeşlige garşy göreşip geldi.

Şenbe güni Hýustonyň çagalyk döwri horda aýdym aýdan ýeri bolan Nýuark kelisesinde onuň hatyrasy tutuldy. Meşhur aýdymçylar, artistler Hýustonyň hatyra dabarasynda çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG