Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G. Haýydow: "Özümiziň hemme däp-dessurlarymyzy saklap ýörüs"


Orsýetiň Baýkal kölüniň ýakasyndaky Irkutsk şäheriniň Medisina uniwersitetiniň professory, medisina ylymlarynyň doktory Gurbandurdy Haýydow
Orsýetiň Baýkal kölüniň ýakasyndaky Irkutsk şäheriniň Medisina uniwersitetiniň professory, medisina ylymlarynyň doktory Gurbandurdy Haýydow
Geçmişde dürli ykdysady hem taryhy şertler türkmeni çar ýana dargamaga mejbur etdi. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda dörän ykdysady kynçylyk hem türkmenleriň dürli ýurtlara, aýratyn-da Günbatara ýaýramagyna sebäp boldy. Şonuň bilen birlikde, SSSR döwründe bir bütewi döwlet hasaplanan Orsýetde, Özbegistanda, Täjigistanda ýaşaýan türkmenler hem milli bölünişikden soň daşary ýurtlarda galdylar.

Orsýetiň Baýkal kölüniň ýakasyndaky Irkutsk şäheriniň Medisina uniwersitetiniň professory, medisina ylymlarynyň doktory Gurbandurdy Haýydow Günorta Sibirde öz milli däp-dessurlaryny gorap saklaýandyklaryny, şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň ähli resmi baýramlaryny öz aralarynda belleýändiklerini guwanç bilen gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy: Gurbandurdy aga, sizi haýsy ykbal, haýsy takdyr ol uzak ülkä eltdi?

G. Haýydow: Meniň doglan ýerim Garagalpagystan awtonom respublikasynyň Dörtgül etrabyndaky Kelteminar obasy. Men Amyderýanyň boýunda doglup, önüp-ösdüm. O ýerde türkmenler känlik. Garagalpagystanyň çäginde ýüz müňden köp hojalyk bar. Tirämiz ata türkmenleri, irki döwürden gelip, şol ýerde ýerleşenler.

Men 1965-nji ýylda Daşoguzda medisina uçilişesini gutardym. Iki ýyl Ýylanlyda, häzirki Gurbansoltan eje etrabynda, oba doktory bolup işledim. Ondan soň harby gulluga aldylar. Günorta Sibirde, Irkutskide gulluk etdim. Bu ýerde harby gullugy gutarjak wagtymyz, medisina institutyna girmegi teklip etdiler. Men bagtymy synap göreýin diýdim. Instituta girdim. Ony tapawutlanan gyzyl diplom bilen tamamladym. Olar meni infeksiýa, ýagny ýokanç keselleri kafedrasynda aspirantura kabul etdiler. Şu ýerde mugallym bolup işläp başladym. 1990-njy ýylda Moskwada kandidatlyk dissertasiýasyny goradym. 2000-nji ýylda doktorlyk dissertasiýasyny goradym.

Azatlyk Radiosy: Bu işler, elbetde, siziň öz başarnygyňyz hem ukybyňyz. Munuň daşyndan, türkmençilik diýenem düzgün bar. Siziň türkmenistanly ýaşlara ýardamyňyz degdimi?

G. Haýydow: Ýaşlary çagyryp, şu ýerde obadan gelen oglan-hyzlary okatdym. Kim orta, kim ýokary okuw jaýlaryny gutaryp, köpüsi oba gidip işläp ýörler. Biziň institutymyz uniwersitet boldy. Türkmenistandan gelip, biziň meduniwersitetimizde okap ýörenler bar. Men häzir şu uniwersitetde professor bolup, ýaşlara sapak berýän.

Azatlyk Radiosy: Siziň hyzmatyňyza Russiýa Federasiýasy ýeterlik hormat goýýarmy?

G. Haýydow: 2005-nji ýylda prezident W.W. Putiniň karary bilen maňa “Russiýanyň at gazanan lukmany” diýen hormatly at berildi. 2006-njy ýylda bolsa Burýat awtonom respublikasy “Ylymda at gazanan işgär” diýen ady berdi.

Azatlyk Radiosy: Garaşsyz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryňyz nähili?

G. Haýydow: Ýurt garaşsyz bolandan soň, 2007-nji ýylda ilkinji gezek meni Türkmenistana çagyrdylar. Dünýä türkmenleriniň gumanitar maslahatyna bardym. Şol ýerde-de maňa Irkutskide türkmenleriň guramasyny döretmegi teklip etdiler. Biz ony 2008-nji ýylda döretdik. Häzir bu ýerde hemme türkmenleriň başyny birikdirip otyrys. Geçen ýyl hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna baryp gaýtdyk. Meniň bu ýerde maşgalam, iki oglum hem iki agtygym bar. Obadan gelip, bu ýerde ýaşap ýören türkmenler kän. Özümiziň hemme däp-dessurlarymyzy saklap ýörüs.

Azatlyk Radiosy: Türkmen diasporasynda näçeräk türkmen bar?

G. Haýydow: Başga milletlere garanda, biz azçylyk. Irkutsk oblasty boýunça ýüz gowrak hojalyk bar. Şäherde 50 çemesi hojalyk bar. Deňeşdirip aýtsak, bu ýerde 35 müň özbek, 40 müň çemesi gyrgyz bar. Täjikler 30 müňden gowrak.

Azatlyk Radiosy: Dini ýa-da ruhy azatlyklar meselesi nähili?

G. Haýydow: Bu ýerde iki metjit bar. Anna günleri hem musulman baýramlary günleri jemlenýäris.

Azatlyk Radiosy: Gurbandurdy aga, 21-nji fewral Ene diliniň halkara güni hökmünde bütin dünýäde bellenýär. Bu ýurtdan çetde ýaşaýan milletler üçin iňňän gadyrly baýramçylyk. Şol sanda az sanly türkmenlere has gadyrly bolsa gerek. Ene dilini ýitirmän saklamak häzirki döwürde möhüm mesele. Biz çagalary nazara alsak, olar üçin ene dilini ýitirme howpy barmy?

G. Haýydow: Ene dilini ýitirme howpy ýok, hemmesem özara we öý-içerde türkmençe gepleşýärler. Munuň daşyndan, biziň aramyzda bir gyz bar, ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini gutaran. Onuň mümkinçiliginden peýdalanyp, bazar güni mekdebini döredip, onda çagalara türkmen dilinden sapak bermekçi. Jaý tapyp, ony kärendesine alyp, onda çagalara türkmen dilini öwretmekçi. Biz bu işe başladyk.

Azatlyk Radiosy: Gerekli kitap-depder işleri nähili?

G. Haýydow: Bu kyn däl. Olar şeýle mekdep döretseňiz, ýardam bereris diýdiler.

Azatlyk Radiosy: Aýdym-saz toparlaryňyz barada nämeler aýdarsyňyz?

G. Haýydow: Aýdym-saz toparlarymyzam bar. Geçen ýyl Irkutsk şäheriniň 350 ýyllygyny dabaraly belläp geçdiler. Şoňa bizem gatnaşdyk. Ýigrimi diasporanyň arasyndan türkmenler 2-nji orny aldylar. Gubernatoryň hormat hatyna eýe bolduk. Şonuň ýalyrak, işler gowy.
XS
SM
MD
LG