Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dünýä edebiýatynyň” täze ýyl sany


“Dünýä edebiýatynyň” täze ýylda çykan ilkinji sany, edil öňküleri ýaly, döwlet baştutanynyň edebiýat, medeniýet, sungat hakynda aýdan sözleri bilen açylýar. Onuň yzyndan “Ýurduň durmuşyndan möhüm medeni wakalar” diýen rubrikanyň astynda türkmen metbugatynyň geçen ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda lenjini çykaryp beren syýasy wakalary sene yzygiderliligi boýunça gysgajyk ýatlanypdyr. Ýöne ýurdumyzda bolup geçen medeni-syýasy wakalaryň dünýä edebiýatyny wagyz etmäge nähili dahylynyň bardygy hakynda düşündiriş berilmändir.

“Dünýä edebiýatynyň” her sanynda nusgawy şahyrlarymyzyň birnäçe goşgylaryny berip, gysgajyk terjimehalyny ýerşeşdirmek kada öwrüldi, bu gowy zat. Ýöne bu žurnalda öz şahyrlarymyzyň eserlerinden bölekler ýa ol hakda makalalar beriljek bolsa, onda onuň dünýä edebiýaty bilen baglanyşygy esaslandyrylsa, maksadalaýyk bolardy. Mysal üçin, žurnalyň şu sanynda goşgulary çap edilen klassyky şahyrymyz Gurbanaly Magrupynyň döredijiliginiň Gündogar edebiýaty bilen baglanyşygy, onuň eserleriniň näçe dile terjime edilendigi hakynda maglumat berlen bolsa, has gyzykly bolardy.

Täçmämmet Jürdekowyň “Keremli kitap hakda kelam” atly makalasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” diýen kitabyna bagyşlanypdyr. Awtor bu makalasyny “Şeýle ajaýyp eseri öz halkyna peşgeş beren Arkadagyň ömri uzak bolsun! Goý, onuň döwet-galamynyň astyndan çykýan keremli kitaplaryň kerweni has-da uzasyn” diýen arzuwlar bilen jemläpdir.

Elbetde, bu žurnal ilkibaşdan türkmen okyjylaryny dünýä edebiýatynyň iň gowy eserleri bilen tanyşdyrmak üçin döredilensoň, belli bir derejede okyjylar dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalary bilen tanyşdyrylýar. Ýöne nämeüçindir, esasan, geçmişdäki ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini terjime etmäge köp ýykgyn edilýär. Meşhur häzirki zaman ýazyjylardan hem E. Şafagyň “Yşk” romany ýaly syýasata dahyly bolmadyk, orta asyr şahyrlarynyň ýa-da adamyň durmuşyny beýan edýän eserler terjime edilýär. Mahlasy, türkmen okyjysyna diňe syýasata galtaşmaýan eserleriň terjimesi hödürlenýär.

Bu žurnalda yzygiderli terjimeleri berilýän alym A. Mämmedow, R. Mustakow, D. Berdiýew, K. Gurbanmyradow, A. Tagan, A. Atabaýew, Ş. Çaryýew, Ö. Daşgynow, O. Çaryýew ýaly halypa ýa-da ussatlyga ýetişen terjimeçilerimizde döredijilik erkinligi bolanlygynda, olaryň häzirki zaman dünýä edebiýatyndan syýasy äheňli eserleri terjime etmäge-de kämil ukuplarynyň bardygyny aýtsa bolar.

Merhum ýazyjy-şahyrlarymyzyň terjimeleri berlende, olar hakda gysgajyk maglumat berilse, has aýdyňlyk bolardy. Mysal üçin, rus ýazyjysy S. Ýeseniniň goşgularynyň tejimesi berlip, diňe soňunda rus dilinden terjime eden Italmaz Nuryýew diýlip berilmegi ýaş okyjylary bulaşyklyga salýar. Asla merhum ýazyjylaryň, terjimeçileriň terjime eden eserleri beriljek bolsa, awtorlyk hukugyna hormat goýlup, olaryň terjimesiniň nireden alnandygy ýa-da golýazmadan alnyp, ilkinji gezek çap edilýändigi takyk görkezilmelidir.

“Dünýä edebiýatynda” D. Geldiýewa, O. Öwezsähedow, G. HanBerdiýewa, D. Begnazarowa, T.Mämmetgurbanowa, A.Haşaýew, A. Çaryýewa ýaly ýaş terjimeçileriň ispan, nemes, ýapon, rus dillerinden terjime edip, hödürlän romanlarydyr-powestleriniň, hekaýalarydyr-ertekileriniň okyjylaryň göwnünden turandygyna şübhelenmeýärin. Žurnalda ýaş neslimize niýetlenen “Çagalar edebiýaty” bölüminiň bolup, şol rubrikanyň astynda terjime edilýän eserleriň ýaş terjimeçileriň zehininiň önümi bolmagy hasam guwandyryjydyr.

Žurnalyň şu sanyndan başlap, Artur Konan Doýlyň “Boskom jülgesiniň syry” hem Lew Şeýniň “Aw pyçagy” atly detektiw eserleriniň terjimesiniň hödürlenmegi “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň tema örüsini has-da giňeldipdir.

Umuman, Dünýä edebiýaty” žurnalynyň täze sanynda hem okyjylar üçin okara zat bar. Ýöne häzirki zaman okyjylarynyň ösen islegi göz öňünde tutulyp, bu žurnalda dürli temalardan, şol sanda syýasy temalardan diktaturany paş edýän, onuň aýylgançlygyny görkezýän häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň eserleri terjime edilse, “Dünýä edebiýaty” žurnaly has hem söýlüp okalardy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG