Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Fransiýa we Britaniýa nebit satmagyny togtatdy


Eýranyň nebit eksporty döwletiň esasy girdejisini emele getirýär.
Eýranyň nebit eksporty döwletiň esasy girdejisini emele getirýär.
Tähran Britaniýa we Fransiýa nebit satmagyny togtatdy. Bu barada Eýranyň nebit ministri aýdýar.

Hepdäniň ýekşenbe güni ministriň web saýtynda ýerleşdirilen beýanatynda sözçi Ali Reza Nikzad Rahbar “Britaniýa we Fransiýa nebit satuwy togtadyldy” diýdi we Eýranyň öz nebitini beýleki alyjylara satjakdygyny mälim etdi.

Eýrandan nebit önümlerini import etmegi togtatmak barada Ýewropa Bileleşiginiň çykaran kararyna jogap edip, indi birnäçe hepde bäri Eýran Ýewropa nebit eksportyny togtatmak barada haýbat atyp gelýärdi.

Geçen aýda Ýewropa Bileleşigi Tähranyň jedelli ýadro programmasyna garşy berk sanksiýalary öňe sürdi. Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginden howatyrlanýarlar. Eýran bolsa muny ret edýär.

Bu sanksiýalar 1-nji iýuldan başlap Eýranyň Merkezi banky bilen gatnaşygy doňdurmaklygy we nebit importyna gadaganlyk girizmekligi göz öňünde tutýar.

Eýran nebit eksportynyň 20 prosentini Ýewropa Bileleşiginiň 27 döwletiniň bazary emele getirýär.

Ýewropadaky alyjylar

Hepdäniň ýekşenbe güni Britaniýanyň hem-de Fransiýanyň resmilerinden Eýranyň bu kararyna düşündiriş bolmady. Ýöne Fransiýanyň AFP habarlar gullugy bu kararyň uly bir täsir ýetirmegine garaşylmaýandygyny belledi.

AFP habarlar gullugynyň maglumatyna görä, geçen ýyl Fransiýa öz sarp edýän nebitiniň diňe üç prosentini, ýagny günde 58 müň barrel Eýrandan satyn alypdyr.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde, Ýewropa Bileleşiginiň beýleki döwletleri, şol sanda Italiýa, Ispaniýa we Gresiýa Eýranyň nebitini has köp satyn alýarlar.

Eýranyň ýekşenbe güni ýaýradan beýanaty şol döwletlere täsir etmedik hem bolsa, olar Eýrandan nebiti satyn almaklygy togtatmak barada 1-nji iýuldan güýje girýän ÝB-niň kararyna degişli bolup durýarlar.

Geçen hepdede Eýranyň döwlet mediasy Eýranyň ÝB-niň alty döwletine - Niderlandiýa, Gresiýa, Fransiýa, Portugaliýa, Ispaniýa we Italiýa nebit eksportyny bes etmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi. Ýöne soňra, maglumatlara görä, Eýran bu döwletlere Ýewropa satýan nebitine başga müşderileri tapmagyň Eýran üçin mesele däldigini aýdypdyr.

Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK-de Eýran nebit satmak boýunça Saud Arabystanyndan soň ikinji ýerde durýar. Ol günde 3,5 million barrel nebiti gazyp çykarýar, onuň 2,5 millionyny bolsa eksport edýär.

Eýran gazyp alýan nebitiniň ýetmiş prosentini Aziýa ýurtlaryna, esasan hem Hytaýa we Hindistana eksport edýär.

Eýranyň nebit eksporty döwletiň esasy girdejisini emele getirýär.
XS
SM
MD
LG