Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji fewralda gol goýan permanyna laýyklykda, türmede tussaglykda oturanlaryň belli bir böleginiň günäsi geçilýär. Emma olaryň sany barada habar berilmeýär.

Düýbi Norwegiýada ýerleşýän “Forum 18” habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Körliniň Azatlyk Radiosyna tassyklamagyna görä, günäsi geçilenleriň arasynda hristian pastory Ilmyrat Nurlyýew hem bar:

—Ilmyrat Nurlyýew Seýdi şäherindäki zähmet-düzediş koloniýasyndan 18-nji fewralda boşadyldy. Günäsi geçilen tussaglaryň ählisi polisiýanyň ýörite otlusy bilen Seýdi şäherinden agşam sagat 8-de Mara eltilipdir. Günäsi geçilen tussaglar maşgalalaryna gowşupdyrlar. Olaryň arasynda Ilmyrat Nurlyýew hem bar.

Feliks Körli Ilmyrat Nurlyýewiň häzir günäsiniň geçilmeginiň sebäpleri barada hiç hili pikiriniň ýokdugyny aýdýar. Ýöne ol Nurlyýewiň maşgalasynyň onuň günä geçişe düşmegi üçin para bermändigine berk ynanýar.

"Yşarat bolmagy mümkin"

Düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy”guramasynyň başlygy Farid Tuhbatulliniň pikiriçe, Ilmyrat Nurlyýewiň häzir günäsiniň geçilmegi halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanda reformalara umyt etmegi üçin yşarat bolmagy mümkin:

—Eger ýadyňyzda bolsa, Berdimuhamedow ilkinji gezek prezident saýlananda hem syýasy äheň bilen türmä basylan 10 çemesi tussagyň günäsini geçipdi. Bu onuň ýurtda kesgitli reformalar geçirmek isleýändigini aňladýan signaldy. Dogrudanam, bu gowy yşaratdy. Häzir Ilmyrat Nurlyýewiň günäsiniň geçilmegi hem halkara jemgyýetçiligi üçin edil şoňa meňzeş yşarat bolmagy mümkin.

“Forum 18” guramasynyň maglumatyna görä, Ilmyrat Nurlyýew 2010-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 228-nji maddasynyň 2-nji bölümi boýunça kezzaplykda aýyplandy we 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol türmede neşekeşlikden hem bejerilmeli edildi. Emma Nurlyýew 2010-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Seýdi şäherindäki zähmet-düzediş koloniýasyna geçirildi.

Maryly 45 ýaşly hristian pastorynyň tarapdarlary oňa garşy jenaýat işiniň galplaşdyrylandygyny we onuň hasaba alynmadyk dini gurama ýolbaşçylyk edýänligi üçin ýanalýandygyny aýdýarlar.

Ilmyrat Nurlyýewiň azatlykdan mahrum edilmegine alada bildirip, düýbi Birleşen Ştatlardaky adam hukuklary boýunça “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Reýçel Denber prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hat bilen ýüzlenipdi.

Türkmen resmileriniň Birleşen Milletler Guramasyna beren hasabatyna görä, ýurtda 123 dini gurama hasaba alnypdyr. Olardan 100-e golaýynyň musulman, 13-niň prawoslaw hristianlar, galanlarynyň-da bahaýylara, baptistlere, krişnaitlere we beýleki dini azlyklara degişli guramalardygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG