Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda buddist monahy özüni otlady


Soňky 12 aýyň dowamynda 21 sany tibetli monah Hytaýyň dolandyryşyna protest bildirip, özüni otlapdyr.

Soňky 12 aýyň dowamynda 21 sany tibetli monah Hytaýyň dolandyryşyna protest bildirip, özüni otlapdyr.

Hytaýda ýene-de bir buddist monahy özüni otlap öldürdi. Bu barada düýbi Londonda ýerleşýän “Tibet üçin halkara kampaniýasy” guramasy habar berýär.

Guramanyň maglumatyna görä, 18 ýaşly Nangdrol ýekşenbe güni Siçuan welaýatynda hökümete garşy şygarlary gygyryp özüni otlapdyr.

Şeýle-de, 21-nji fewralda başga bir monahyň özüni otlap öldürendigi habar berilýär.

“Tibet üçin halkara kampaniýasy” guramasynyň aýtmagyna görä, soňky 12 aýyň dowamynda 21 sany tibetli monah Hytaýyň dolandyryşyna protest bildirip, özüni otlapdyr.
XS
SM
MD
LG