Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň bergisi boýunça ylalaşyga gelindi


Gresiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos (sagda), Gresýanyň premýer-ministri Lukas Papademos (ortada) Germaniýanyň maliýe ministri Wolfang Şobl (sagda) bilen salamlaşýar, Brýussel, 20nji fewral.

Gresiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos (sagda), Gresýanyň premýer-ministri Lukas Papademos (ortada) Germaniýanyň maliýe ministri Wolfang Şobl (sagda) bilen salamlaşýar, Brýussel, 20nji fewral.

Ýewrozonanyň maliýe ministrleri Gresiýany batmakdan halas etmek üçin niýetlenen 130 milliard ýewro kredit puly tassyklandyklaryny yglan etdiler. Bu karara maliýe ministrlerleriniň Brýusselde geçen maslahatynda gelindi.

Maglumatlara görä, bu ylalaşyk Gresiýanyň bergisini 2020-nji ýyla çenli umumy içerki önümçiliginiň 120,5 prosent möçberine çenli azaltmaklyga gönükdirilen. Muny Halkara pul gaznasy maksimum kabul ederlik hasaplaýar.

Brýusseldäki gepleşiklere gatnaşan diplomatlaryň aýtmaklaryna görä, ylalaşygyň jikme-jikleriniň 12 sagada çeken gepleşijklerden soň işlenilip düzülmegine garaşylýar.

Gresiýa geljek aýda bankrotdan çyksa, 14,5 milliard ýewrolyk kredit meselesiniň wagty dolanda oňa ýene-de täze kömek gerek bolar. Doly 5 ýyla çeken krizisden soň, Gresiýanyň häzir umumy içerki önümçiliginiň 160 prosentinden gowrak möçberinde bergisi bar.

Ýewropanyň baý döwletleri, şol sanda Germaniýa Gresiýanyň ykdysadyýetine has güýçli gözegçilik etmegi talap edýärler.

Köpçülikleýin protestlere garamazdan, Gresiýanyň parlamenti aýlyk haklarynyň we pensiýalaryň azaldylmagyny, şeýle hem iş ýerleriniň kemeldilmegini kabul etdi we 3,2 milliard ýewro tygşytlady.
XS
SM
MD
LG