Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskyň golaýynda protestçiler oka tutuldy


Homs, 21-nji fewral
Homs, 21-nji fewral
Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri Damaskyň günorta çetinde prezident Başar al-Assadyň garşysyna gije gurnalan ýörüşe çykan protestçileri oka tutupdyr.

Maglumatlara görä, howpsuzlyk polisiýasynyň märekä ok atmazyndan öň, ýüzlerçe protestçi Başar al-Assada garşy protest ýörişi üçin merkezi meýdança çykypdyrlar.

Maglumaty garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Bidüzgünçilikler baradaky bu maglumat Gyzyl Haç guramasynyň Siriýanyň hökümeti bilen gepleşik geçirýän, hem-de oppozisiýa toparlarynyň Homs we Hama ýaly ýerlerde mätäçlik çekýän ilata kömek bermek üçin çaknyşyklary bes eden wagtyna gabat geldi.

Germaniýa geljek hepdede ÝB-niň Siriýa garşy has köp sanksiýalary girizmegine garaşylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG