Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Özbek prezidentiniň öňki maslahatçysy azatlykdan mahrum edildi


Žurnalist Ubaýdullaýew öňki döwlet maslahatçysynyň “kompromat” nyşanasynyň pidasy bolandygyna ynanýar.

Žurnalist Ubaýdullaýew öňki döwlet maslahatçysynyň “kompromat” nyşanasynyň pidasy bolandygyna ynanýar.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň howpsuzlyk meseleleri boýunça öňki maslahatçysy Röwşen Muhiddinowyň öz wezipesinden galp peýdalananlykda we parahorlukda aýyplanyp, golaýda 15 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, 47 ýaşly Röwşen Muhiddinow öz wezipesinden galp peýdalanmakda we uly möçberde para almakda aýyplanyp, azatlykdan mahrum edildi. Ol geçen ýylyň 21-nji sentýabrynda döwlet maslahatçysy wezipesinden boşadylyp, Daşkent welaýatynyň prokurorlygyna bellendi. Emma Muhiddinow noýabr aýynda bu wezipesinden hem boşadyldy we tussag edildi.

Özbegistanly belli žurnalist Şaraf Ubaýdullaýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Muhiddinowyň uly möçberde para alanlykda we öz wezipesinden galp peýdalananlykda aýyplanyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum edilmegi döwlet gurluşynda möhüm problemanyň bardygyny görkezýär:

—Bu örän möhüm wezipe. Biziň Özbegistanda prokuratura, sud, döwlet howpsuzlyk edaralarynda, milisiýada, gümrükde, goşunda işleýän bir milliondan gowrak pogonlylar bar. Muhiddinowyň wezipesinde işleýän adam prezident bilen göni gatnaşykda bolýar. Olar her günde birnäçe gezek duşuşýarlar.

Özbegistanyň ýörite gulluklaryna ýakyn durýandygy aýdylýan “Uzmetro” internet gazetiniň ýazmagyna görä, Röwşen Muhiddinowyň türmä basylmagyna onuň hossarlarynyň biznesi, hususanda, onuň gelnejesiniňkidigi aýdylýan myhmanhanalarda geçirilen barlaglar sebäp bolupdyr. “Arzuw” myhmanhanalar toplumynyň Muhiddinowyň maşgalasyna degişlidigini “Uzmetro” internet gazeti ýazýar.

Maşgalasynyň biznes işleri

Özbegistanly belli žurnalist Şaraf Ubaýdullaýewiň sözlerine görä, Röwşen Muhiddinowyň maşgalasynyň biznes işleri barada häzir ilat arasynda köp gürrüň edilýär.

—Onuň gelnejesiniň , belki-de, öz aýalynyň biznes işleri bilen aktiw meşgullanýandygy barada köp gürrüň edilip başlandy. Ýöne häzir kim biznes etmeýär?

Bizde islendik adamyň garşysyna mydama kompromatlar taýýarlanylýar. Eger zerurlyk ýüze çyksa, olary birnäçe sagadyň içinde işe girizmek mümkin.

Resmi däl çeşmeler Muhiddinowyň ýurduň premýer-ministri Şawkat Mirzýaýewe ýakyndygyny we onuň hökümet başlygy bilen milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Rüstem Innoýatowyň arasyndaky “kompromatlar urşunyň” nobatdaky nyşanyna öwrülendigini aýdýarlar.

Ubaýdullaýew hem öňki döwlet maslahatçysynyň “kompromat” nyşanasynyň pidasy bolandygyna ynanýar:

—Muhiddinow howpsuzlyk edaralaryna ilki gelen döwri möhüm şahslaryň göwnünden turmadyk bolara çemeli. Bizde islendik adamyň garşysyna mydama kompromatlar taýýarlanylýar. Eger zerurlyk ýüze çyksa, olary birnäçe sagadyň içinde işe girizmek mümkin.

Röwşen Muhiddinowyň 15 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi barada Azatlyk Radiosyna habar beren çeşmäniň sözlerine görä, häkimiýetler Muhiddinowyň maşgalasyna we hossarlaryna berk gözegçilik edýärler. Olar Özbegistany terk etmäge taýýarlanýarlar.

Özbek hökümetine ýakyn çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, Röwşen Muhiddinowyň bir ýylyň içinde günä geçişe düşmegi hem mümkin.
XS
SM
MD
LG