Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň gabawdaky Homs şäherinde täze ýitgiler bar


Siriýanyň Homs şäherinde hökümet güýçleriniň amala aşyran hüjümlerinde azyndan ýedi adam öldi, başga-da onlarça adam ýaralandy. Bu barada Siriýanyň aktiwistleri habar berýärler.

Aktiwistleriň berýän maglumatyna görä, hökümet güýçleri Homs şäheriniň eteklerine tanklary hem getiripdirler. Aktiwistler şähere hüjüm edilmeginden howatyr edýärler.

Müňlerçe adamyň hökümet güýçlerinden gaçyp, Homsuň Baba Amro sebtini terk edendikleri hem habar berilýär.

Homs şäheri soňky 18 günüň dowamynda gabawda saklanýar. Gabaw dowamynda ýüzlerçe adamyň öldürilendigini aktiwistler habar berýärler.
XS
SM
MD
LG