Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda suw joşmalary sebäpli ýüzlerçe adam göçürilýär


Gazagystanyň günorta sebitlerinden agyr ýagyşlar sebäpli ýüzlerçe adam göçürildi. Çagbalar 400-e golaý jaýa zeper ýetiripdir.

Ýerli resmiler ýaşaýjylary göçürmek, şeýle-de suw joşmagy sebäpli hanasyndan çykan derýalaryň ugruny sowmak üçin goşmaça kanallary gazmak ýaly çäreleriň üstünde tagalla edýärler.

Howanyň birden ýylamagy sebäpli garlaryň eräp başlamagy, şeýle-de agyr ýagyşlaryň netijesinde Gazagystanda suw joşmalary emele geldi.
XS
SM
MD
LG