Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan generaly Gurhana gödek çemeleşilendigi baradaky habar üçin ötünç sorady


Owganystandaky Halkara güýçleriniň komanduýuşisi halkara esgerleriň yslam esbaplaryna, şol sanda Gurhan kitabyna gödek çemeleşendikleri baradaky aýyplamalar boýunça ötünç sorady.

Amerikan generaly Jon Alleniň sözlerine görä, ol Bagram uçar bazasynda bolandygy aýdylýan wakalar boýunça derňew geçirmäge hem gökezme beripdir:

—Biz bu wakany içgin derňeýäris. Bular ýaly zatlaryň gaýtlanmazlygy üçin degişli çäreleri hem görýäris. Men sizi ynandyrýaryn, men size söz berýärin, bu hiç hili ýörite matlap bilen amala aşyrylmady.

Bu aralykda, owgan resmileriniň maglumatyna laýyklykda, sişenbe güni iki müň töweregi owgan raýaty bazanyň daşynda protest geçiripdir.

Aýdylmagyna görä, bazada ençeme Gurhan kitaby otlanypdyr.
XS
SM
MD
LG