Sepleriň elýeterliligi

HAEG-niň ekspertleri Eýranda diňe gepleşik geçirerler


Eýrana sapar edýän BMG-niň atom ekspertleri ýurduň ýadro desgalaryna baryp görmezler. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrligi maglumat berýär.

Ministrligiň metbugat wekili Ramin Mehmanparastyň sözlerine görä, Halkara atom energiýasy gullugynyň ekspertleri Tähranda diňe gepleşikler geçirerler.

BMG-niň ekspertleriniň Eýrana sapary duşenbe güni başlandy. Bu HAEG-niň ekspertleriniň soňky bir aýyň dowamynda Eýrana amala aşyrýan ikinji saparydyr.
XS
SM
MD
LG