Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŽGK: 2011-nji ýylda 46 žurnalist öldürildi


Geçen ýyl dünýä boýunça 46 žurnalist öldürilipdir. Bu barada Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň ýaýradan soňky hasabatynda aýdylýar.

“Metbugata garşy hüjüm – 2011” atly hasabatda bellenmegine görä, žurnalistler üçin iň howply ýurt Pakistan bolupdyr. Bu ýurtda geçen ýylyň dowamynda 7 žurnalist öldürilipdir.

Pakistandan soň Liwiýa we Yrak gelýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň maglumatyna görä, geçen ýyl dünýäde 179 žurnalist tussag edilipdir. Bu 1990-njy ýyldan bäri iň uly görkezijidir. Iň köp žurnalist Eýranda tussaglykda saklanyp, ol ýerde 42 žurnalist gözenegiň aňyrsynda otyr.
XS
SM
MD
LG