Sepleriň elýeterliligi

Karting: “Azatlyk” ilkinji orunlarda


Aşgabatda karting boýunça, ýagny üsti açyk ýeňil maşynlaryň ýaryşynyň final tapgyry geçirildi.

Kiçi hereketlendirijili ulaglaryň arasyndaky ýaryşda “Ýaraw” komandasynyň wekili ýeňiş gazandy.

125 kub kuwwatly hereketlendirijili ulaglaryň arasyndaky ýaryşda “Azatlyk” toparynyň wekili iň gowy netijäni görkezdi.

Şeýle-de, “Azatlyk” topary iň tiz, ýagny hereketlendirijileriniň kuwwaty 250 kuba çenli ulaglaryň bäsleşiginde birinjiligi aldy.

Toparlaýyn netijelere görä, “Azatlyk” topary ilkinji ýeri eýeledi.
XS
SM
MD
LG