Sepleriň elýeterliligi

HAEG-niň ekspertleri Tährana bardylar


Noýabr aýynda BMG-niň atoma gözegçilik edýän edarasy Eýranyň atom ýaragyny öndürmäge alyp geljek synaglary geçirendigini aýtdy.

Noýabr aýynda BMG-niň atoma gözegçilik edýän edarasy Eýranyň atom ýaragyny öndürmäge alyp geljek synaglary geçirendigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň atom ekspertleri Eýranyň ýadro programmasy, şol sanda güman edilýän atom ýaragyny öndürmek işini barlamak boýunça gepleşik geçirmek üçin, duşenbe güni iki günlük Tährana bardylar.

Bu Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň ekspertleriniň soňky bir aýyň dowamynda Eýrana amala aşyrýan ikinji saparydyr. Bu ýagdaý bolsa Tähranyň güman edilýän atom ýaragyny öndürmek işleriniň halkara jemgyýetçiliginde aladany artdyrýandygyny görkezýär.

Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň missiýasynyň lideri Herman Nakerts ýekşenbe güni Wenada eden çykyşynda özüniň ýolbaşçylyk edýän toparynyň bäş agzasynyň Tähranda “käbir takyk netijeleri berjek gowy we konstruktiw günäleri geçirmäge umyt edýändigini” aýtdy:

Herman Nakerts

Herman Nakerts

—Elbetde, Eýranyň ýadro programmasynyň güman edilýän harby taraplary iň möhüm mesele bolmagynda galýar. Ýöne şol bir wagtda-da biz ähli göze dürtülýän meseleleri galdyrmak isleýäris. Elbetde, bu örän çylşyrymly mesele hem-de birneme wagt talap eder. Biz onuň konstruktiw bolmagyna umyt baglaýarys.

Eýranyň döwlet telewideniýesi HAEG-niň topary Parçin harby toplumyna baryp görmäge umyt baglaýar diýip, maglumat berdi. Bu toplumdaky gizlin ýerasty desgada Eýranyň ýadro programmasy alnyp barylýar diýlip güman edildi. Ýöne muny Eýranyň resmileri ret edýärler.

HAEG-niň inspektorlary Parçine 2005-nji ýylda baryp görüpdiler. Ýöne şol wagt olar onuň gyzyklandyrýan dört zolagynyň birine barypdylar. Ol ýerde adatdan daşary işiň alnyp barylýandygy duýulmansoň, HAEG 2008-nji ýyla çenli hasabatlarynda Parçini agzamandy.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň parahat maksatlara gönükdirilendigini yzygiderli tekrarlaýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde geçen noýabr aýynda BMG-niň atoma gözegçilik edýän edarasy Eýranyň atom ýaragyny öndürmäge alyp geljek synaglary geçirendigini aýtdy.

Geçen hepde Eýran ýurduň içinde ilkinji gezek öndürilen atom ýangyjyny emele getirýän silindri Tährandaky barlag reaktoryna birikdirendigini yglan etdi. Muny aýan etmek bilen, Eýran atom ýaragyny öndürmäge ýakynlaşan derejede urany baýlaşdyrmaga özüniň tehniki mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi.

Ýadro boýunça alymlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, atom bombasy üçin gerek bolan materialy öndürmäge Eýranyň mümkinçiligi bar. Munuň üçin karbon süýümli sentrifugalaryň soňky täze çykan görnüşleriniň üsti bilen Tährandaky barlag reaktorynda ulanylan urany täzeden işläp çykarmak ýeterlikdir.
XS
SM
MD
LG