Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň gündogar bölegi sowukdan kösenýär


Aşgabadyň gündogar bölegindäki 1-nji, 2-nji, 3-nji, 11-nji mikroraýonlarynda, Parahat ýaşaýyş jaýlar toplumlarynda adamlaryň sowukdan gaty kösenýändigi aýdylýar.

Aşgabadyň gündogar bölegindäki 1-nji, 2-nji, 3-nji, 11-nji mikroraýonlarynda, Parahat ýaşaýyş jaýlar toplumlarynda adamlaryň sowukdan gaty kösenýändigi aýdylýar.

Geçen ýylyň noýabryndan başlanan sowuk howa Türkmenistanyň ähli territoriýasynda, käbir arakesmeler, aram-aram ýyly günler bilen çalşyp, şu günki günem dowam edýär.


Soňky dört aýyň dowamynda, Aşgabadyň merkezinde ýylylyk bilen üpjünçiligiň gowudygyna garamazdan, şäheriň gündogar bölegindäki 1-nji, 2-nji, 3-nji, 11-nji mikroraýonlarynda, Parahat ýaşaýyş jaýlar toplumlarynda adamlaryň sowukdan gaty kösenýändigi aýdylýar.

Agzalýan mikroraýonlaryndaky jaýlar geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalaryna, 90-njy ýyllarynyň başlaryna ulanmaga berlen jaýlar. Olarda ýyladyş sistemasy SSSR zamanasyndaky çekilen turbalardan, oturdylan radiatorlardan ybarat. Aşgabatda ýaşaýan publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýýär:

—Olaryň köpüsiniň möwriti geçdi. Ýyladyş sistmemasynyň işleýşi bir kakyny bara meňzeýär. Täze gurulýan mikroraýonlarda ýyladyş, gyzgyn-sowuk suw bilen üpjünçlik boýunça kynçylyk ýok. Çünki olar häzirki zaman enjamlary, tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Esasy mesele şäheriň gündogar etraplarynda, 30-njy mikroraýonda, onuň töwereklerinde.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda “Aşgabatýylylyk” tresti tarapyndan paýtagtyň ýaşaýjylaryny yzygiderli ýylylyk bilen üpjün etmek üçin ýyladyş sistemasynyň durkuny toplumlaýyn täzelemek boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy, şäheriň merkezleşdirilen ýyladyş sistemasyny düýpli rekonstruksiýa etmek işini şu ýylyň birinji ýarymynyň ahyryna çenli tamamlamagyň planlaşdyrylýandygy habar berilýär. Emma aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew bu optimistik habara şeýle reaksiýa bildirdi:

—Ýylyň ahyryna çenli gowy netijeler gazanylýar diýen metbugat habary ol, elbetde, häzirlikçe hakykata laýyk gelmeýärmikä diýýärin. Sebäbi ýyladyş desgalaryny gurmak meselesi ýene-de wagt talap etse gerek. Sebäbi ol şäheriň az ýerinde gurlan. Jygyldyk bazarynda satylýan, elde ýasalan eýran peçlerini köpgatly jaýlardaky kwartiralarynda oturdyp, gaz ýakmak arkaly adamlaryň otaglaryny gyzdyrýarlar, şeýdip, oňňut edýärler.

Resmi maglumatlara görä, geçen ýyl “Aşgabatýylylygyň” hojalyklarynda 120-den gowrak suw ýyladýan gazanlaryň durky düýpli täzelenipdir, şeýle gazanlaryň täze 33 sanysy gurlupdyr. Trestiň esasy bazasy Germaniýanyň “Wiýessman” firmasynyň häzirki zaman enjamlaryna geçirilipdir. Emma Bugaýew ýyladyş sistemasynda ogurlygyň, parahorlugyň bu işiň ilerlemegine uly päsgelçilikdigini aýdýar:

—Ownujak çinownikler: “Aý, şuny çaltlandyrjak bolsaňyz, onusy ýetenok, munusy ýetenok, şoňa pul gerek” ýa bolmasa “oglanlar işläp ýadady” diýýän ýüzi galyňlary bar, pylança manatdan beriň diýýänleri bar. Aşgabat şäher häkimligi ýa etrap häkimligi juda haýal-ýagal hereket edýärler, şol gadymky býurokratik ädimler bilen bökdençlik döredýärler.

Ýerli synçylar ýyladyş sistemasynyň doly döwlet eýeçiligindedigini, sebäbi şol jaýlaryň hususylaşdyrylmaýandygyny, eger şu ugurdan düýpli reforma geçirilse, hem döwlet hem ilat köpçüligi üçin peýdaly boljakdygyny aýdýarlar. Çünki, olaryň sözlerine görä, swilizlenen ýurtlardaky ýaly, hususy jaýlara hyzmat edýän hususy firmalar peýda bolsa, býurokratik päsgelçilikler öz-özünden aýrylyp, korrupsiýanyň köküne palta urlardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG