Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak ministri Gurhana gödek çemeleşilendigi üçin ötünç sorady


Owgan protestçisi ýarysy ýanan Gurhan kitabyny görkezýär, 21-nji fewral.

Owgan protestçisi ýarysy ýanan Gurhan kitabyny görkezýär, 21-nji fewral.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Leon Panetta Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby bazasynda Gurhana “godek çemeleşilendigi” üçin ötünç sorady hem-de bu wakany dessine derňemäge söz berdi.

Sişenbe güni eden beýanatynda Panetta Owganystandaky Halkara güýçleriniň komanduýuşisi, amerikan generaly Jon Allen Kabulyň demirgazygyndaky Bagram uçar bazasynda “halkara esgerleriniň yslam esbaplaryna, şol sanda Gurhan kitabyna gödek çemeleşendikleri bilen bagly gaty gynandyryjy wakanyň bolandygyny” mälim etdi diýip belledi.

Jon Allen owgan hökümetinden we halkyndan “çuňňur ötünç” sorady hem-de yslam esbaplaryna gödek çemeleşilmeginiň “hiç hili ýörite matlap bilen amala aşyrylmandygyny” we bu waka barada resmilere habar ýeten badyna onuň öňüniň alnandygyny sözüne goşdy:

—Bagram uçar bazasynda halkara esgerleriniň uly göwrümdäki yslam dini esbaplaryna, şol sanda Gurhan kitabyna gödek çemeleşendikleri baradaky gije gowşan habar boýunça derňew geçirmäge gökezme berdim. Bu hereketleriň anygyna ýeten dessimize, olary bes etdirdik. Abat galan esbaplar degişli dini häkimiýetlere gowşurylar.

Sişenbe güni irden iki müň töweregi protestçi Gurhanyň depelenmegine garşy çykyş etmek üçin Bagram bazasynyň gorag haýatynyň daşynda ýygnandy.
XS
SM
MD
LG