Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aktiwistler Homsda 100 adam öldürildi diýýär


Homsda, 20-nji fewral.

Homsda, 20-nji fewral.

Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, soňky ýüze çykan bidüzgünçiliklerde Siriýanyň güýçleri tarapyndan 100 töweregi adam öldürilipdir. Olaryň arasynda 40 adamyň Homs şäherindendigi aýdylýar.

Bu waka Gyzyl Haç halkara guramasynyň Homs we Hama ýaly şäherleriň ýaşaýjylaryna kömek etmek üçin ot açyşlygy bes etmeklige çagyrýan wagtyna gabat geldi.

Waşington Gyzyl Haç guramasynyň Siriýada parahat ilata kömek bermek üçin her gün iki sagatlyk ot açyşlygy togtatmak baradaky çagyryşyny goldady.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň guramanyň Siriýadaky ynsanperwer programmasyna ýolbaşçylyk eder ýaly kandidat gözleýandigi habar berilýär.

Hökümet güýçleriniň Homs şäheriniň Baba Amr etrabynda amala aşyran artilleriýa hüjüminde iki sany daşary ýurtly žurnalist hem öldürildi.

Ölenleriň Britaniýanyň “Sunday Times” gazeti üçin işlän amerikan žurnalisti Marie Kolwin we fransuz suratçysy Remi Oçlikdigi aýdylýar.

Aktiwistleriň bellemegine görä, mart aýyndan bäri hökümete garşy protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde ölenleriň sany 7,600-a ýetipdir.
XS
SM
MD
LG