Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Interpoldan Muşarrafy tussag etmekligi sorar


Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf

Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf

Pakistanyň içeri işler ministri Rehman Malik ýurduň hökümetiniň Interpola ýüz tutup, ozalky premýer-ministr Benazir Bhuttonyň janyna kast edilmegi bilen baglylykda ýurduň ozalky prezidenti, harby serkerdebaşy Perwez Muşarrafy tussag etmekligi sorajakdygyny aýdýar.

Sişenbe güni Karaçiniň Sindh welaýat assambleýasynda eden çykyşynda Malik Bhuttonyň goragyny ýeterlikli ýola goýmanlykda Muşarrafy aýyplady.

Benazir Bhutto 2007-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Yslamabadyň golaýynda atylyp öldürildi.

Malik bu hüjümi amala aşyrmaga 27 terrorçy toparyň ýardam berendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG