Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda terrorizmde aýyplanan 5 adama höküm çykaryldy


Sişenbe güni Gazagystanyň demirgazyk günbataryndaky Aktoba şäherinde terrorizmde aýyplanan bäş adam 5 ýyldan 13 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu adamlar 2011-nji ýylyň iýulynda Aktoba şäheriniň çetinde bikanun ýaragly topary döretmekde hem-de bomba partlamasyny gurnamakda we amala aşyrmakda aýyplandylar.

Şol partlamada güman edilýän iki sany hüjümçi we bir polisiýa işgäri öldi.

2011-nji ýylyň maý aýynda bolan başga bir wakada Aktoba şäheriniň bir ýaşaýjysy Milli howpsuzlyk komitetiniň ýerli edarasynyň girelgesinde özüni partladyp, üç adamy ýaralady.

Sülçüleriň aýtmaklaryna görä, janyndan geçen bu hüjümçi ekstremist yslam toparynyň agzasy hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG