Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan türkiýeli telekeçileri deportasiýa etdi


Maglumatlara görä, özbek häkimiýetleri birnäçe türk telekeçisine ykdysady jenaýat boýunça günä bildirip, olary deportasiýa edipdir.

Özbegistanyň döwlet telekanalynyň sişenbe güne beren maglumatyna görä, Türkiýäniň dokuz raýaty salgyt boýunça sapalak atmakda we kölegeli ykdysadyýeti döretmekde günäli tapylypdyr. Olaryň Özbegistandaky ähli emlägi döwletiň haýryna geçirilipdir.

Telewideniýäniň maglumatynda günälenenleriň sekizisiniň dessine günäsi geçilip, olaryň Türkiýä deportasiýa edilendigi aýdylýar.

Özbegistanda ýaşamaga hukugy bolan bir telekeçi bolsa üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, oňa 15 müň dollar jerime salnypdyr.
XS
SM
MD
LG