Sepleriň elýeterliligi

Prezidentlige dalaş eden A.Ýazmyradow wise-premýer wezipesine bellendi


Geçen saýlawlarda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaş eden, Türkmenistanyň suw hojalyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiren Annageldi Ýazmyradow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi. Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedow permana gol goýdy diýip, TDH gullugy ýazýar.

Täze wise-premýer ýurduň agrosenagat ulgamyna gözegçilik eder.

Şeýle hem A. Ýazmyradow Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara fondunyň geňeşiniň Türkmenistandan agzasy edildi. Ozal bu wezipäni eýelän Mämmetnyýaz Nurmämmedow bolsa Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellendi.
XS
SM
MD
LG