Sepleriň elýeterliligi

"Serhetsiz reportýorlar" Gyrgyzystany tankytlady


“Serhetsiz reportýorlar” guramasy “Fergana” neşiriniň websaýtyny petiklandigi sebäpli Gyrgyzystany berk tankyt etdi.

Media gözegçilik edýän Pariždäki bu gurama “Fergana” websaýtyna garşy amala aşyrylan bu herekete geň galandygyny aýtdy.

Gurama “Bu hereket Merkezi Aziýada ilkinji parlamentar demokratik döwlet hökmünde äşgär bolan ýurduň yza tarap esasy ädimi” diýip baha berdi.

Mundan ozal “Gyrgyztelekom” gyrgyz parlamentiniň haýyşy boýunça “Fergana” websaýtyny petikländigini yglan etdi.

Geçen ýylyň iýun aýynda gyrgyz deputatlary “Fergana” websaýtyny petiklemek boýunça ses berişlik geçirdiler. Olar 2010-njy ýylyň iýunynda Gyrgyzystanyň günortasynda ýüz beren bidüzgünçilikleri bu saýt “subýektiw” hem-de “prowakasion” görnüşde beýan etdi diýip hasaplaýarlar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy bolsa bu saýtyň maglumatlary beýan edişine “göreldeli” diýip baha berdi.
XS
SM
MD
LG