Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG Eýrana edilen saparyň netijesinden närazy


Eýranyň Yspyhan şäherindäki ýadro desgasy, 2007-nji ýyl.
Eýranyň Yspyhan şäherindäki ýadro desgasy, 2007-nji ýyl.
BMG-niň atom boýunça gullugy ýadro ekspertleriniň Eýrana saparynyň netijelerinden närazylygyny bildirdi.

Bu barada ýaýradan beýanatynda Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň başlygy Parçinde ýerleşýän harby toplumyna barmaga Tähranyň rugsat bermändigini aýtdy. Bu toplumyň Eýranyň ýadro ýaragy boýunça programmasyna degişlidigi güman edilýär.

Ýukiýa Amanonyň aýtmagyna görä, Eýranyň ýadro programmasy baradaky meseleleri anyklamak üçin hiç hili ylalaşyga gelinmändir.

Mundan öň, Eýranyň HAEG-däki wekili Ali Asgar Soltahieh ýurduň IRNA habarlar gullugynda eden çykyşynda Tähran BMG-niň gullugy bilen has köp gepleşikleri geçirmäge garaşýar diýipdi.

HAEG-niň Eýrandan gaýtmagyndan birnaçe sagat öň, Eýranyň harby güýçleriniň başlygynyň orunbasary Mohammad Hejaziniň “duşmanyň bize garşy hereket etmegine ýurdumyz garaşyp durmaz” diýen sözlerine salgylanyldy.

Hejazi Eýranyň "Fars" habarlar gullugyna “Eýran öz bähbitlerini goramak üçin bar bolan ähli serişdelerini ulanar” diýdi.
XS
SM
MD
LG