Sepleriň elýeterliligi

“Türkmenleşdirme” aladalary we milli azlyklar


Aşgabadyň seýilgähinde, 2010-njy ýyl.

Aşgabadyň seýilgähinde, 2010-njy ýyl.

BMG-niň jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komiteti basym Türkmenistan boýunça diňlenişik geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu komitet 2005-nji ýylda geçiren diňlenişiginde Türkmenistandaky “türkmenleşdirme” syýasatyndan alada bildiripdi.

Wenada ýerleşýän Türkmen inisiatiwasy topary golaýda Türkmenistandaky milli azlyklaryň ýagdaýy barada alternatiw hasabat taýýarlap, ony Türkmenistanyň hronikasy saýtynda iňlis dilinde çap etdi. Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu hasabaty taýýarlan toparyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz BMG-niň jynsy kemsitmeleriň soňuna çykmak baradaky komitetiniň sessiýasyna taýýarlan alternatiw hasabatyňyzda Türkmenistandaky etniki azlyklaryň wekilleriniň bilim, iş üpjünçiligi babatda öz kanuny haklaryndan mahrum edilýändigini aýdýarsyňyz. Siz bu ugurda ýüze çykaran faktlaryňyz barada anygrak gürrüň berip bilmezmisiňiz?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, biziň jynsy kemsitmeler baradaky komitet üçin taýýarlan alternatiw hasabatymyz faktlara, köp ýyllaryň dowamynda alyp baran gözegçiligimiziň netijelerine esaslanýar. Mysal hökmünde aýtmaly bolsa, häzir Türkmenistanda milli azlyklaryň dilinde sapak berilýän mekdepleriň ýapylandygy, okuwçylaryň we studentleriň ählisiniň, hatda býujet edaralarynda işleýän aýallaryň hem, milletine garamazdan, türkmen milli eşiklerini geýmelidigi hemme kişä belli.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň düzüminde, hatda regionlarda hem milli azlyklaryň wekilleri ýok diýerlik. Bu olaryň hukuklarynyň güýçli kemsidilýändigini, olaryň türkmenlere garanda has agyr ýagdaýda ýaşaýandygyny görkezýär. Ýöne biz şol bir wagtda türkmenler ol ýerdäki beýleki milletlerden has gowy ýaşaýar diýip tassyklamaýarys.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz Türkmenistanyň hökümetiniň “türkmenleşdirme” syýasaty diýilýän barada näme aýdyp biljek, dogrudunam şeýle syýasat bar diýip bolarmy?

Farid Tuhbatullin: Bu belli zat, biz Türkmenistanyň öz döwlet diliniň bolmalydygyny we bu diliň türkmen dili bolmalydygyny hiç bir jähtden inkär etmeýäris. Eger türkmen häkimiýetleri adamlaryň şol dilde gepläp bilmegini isleýän bolsalar, ösen ýurtlarda edilişi ýaly, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän mugt dil kurslaryny açmaly. Bize belli bolşuna gärä, ne dil kurslary bar, ne-de metodika. Şeýle kurslar diňe türk okuw merkezlerinde bar we olar hem tölegli. Onsoň ol kurslarda hemme kişi okap bilmeýär. Ýogsa başga milletiň wekilleriniň arasynda hem türkmen dilini gowy öwrenmek isleýän adamlar bar, emma olaryň muňa hemişe gurby çatyp durmaýar. Şu sebäpden dil pudagynda türkmenleşdirme, eger haýsydyr bir professional ýa syýasy karýera edinmek isleýän adamlar bolsa, dogrudanam zerurlyk.

Ýöne häkimiýetleriň bolşy barada aýdylanda, ozalam belleýşim ýaly, rus, gazak, özbek we beýleki milletleriň wekillerininden türkmen milli eşigini geýmek talap edilýär. Milli azlyklaryň öz milli dillerini we medeniýetlerini saklamak hem ösdürmek, öz dillerinde gazet-žurnal çykarmak ýaly mümkinçilikleri bolsa ýok. Onsoň bu zatlaryň hemmesi “türkmenleşdirme” diýlip atlandyrylýar. Ýagny hemme milletler diňe bir dili bilmeli, diňe bir eşik geýmeli we diňe bir sazy diňlemeli, bu milli azlyklaryň hukuklarynyň örän güýçli kemsidilmesi bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen kanunçylygy din azatlygyny kepillendirýär, bu her bir adamyň islän dinine uýmagyny ýa-da uýmazlygyny özüne goýýar. Siziň hödürleýän alternatiw hasabatyňyzda dini azlyklaryň hem ýanalýandygy aýdylýar. Bu, käte çykýan habarlardan görnüşi ýaly, dini ynanjy sebäpli hökmany harby gullukdan boýun gaçyrýan ýaşlar bilen bagly meselemi ýa-da dini azlyklary ýanamagyň döwlet syýasaty bilen galtaşýan ýerleri hem barmy?

Farid Tuhbatullin

Farid Tuhbatullin

Farid Tuhbatullin: Dogrudanam, türkmen kanunçylygy soňky wagtlarda redaktirlendi we bu meselede öňegidişligiň bardygyny bellemek gerek. Ýöne Türkmenistandaky iň uly problema kanunlaryň işlemezligi, olaryň häkimiýetler tarapyndan ýerine ýetirilmezligi, tersine bozulmagy bolup durýar.

Türkmen kanunlary adamyň islendik dine uýmak azatlygyny kepillendirýär we dini ynanç üçin hiç kim yzarlanmaly däl. Emma şeýle zatlar bar we bolýar. Dini guramalaryň köpüsi hasaba alynmaýar we hasaba alynmadyk ýagdaýynda olaryň işi bikanun bolýar we olary şu sebäpden jogapkärçilige çekýärler. Iogowa şaýatlary, dini ynanjy ýarag ulanmaga ygtyýar bermeýän dindarlar barada aýdylanda, Nyýazow garaşsyzlygyň başky ýyllarynda ýarag bilen baglanyşygy bolmadyk alternatiw gullugyň dörediljegini aýtdy we bu ugurda käbir ädimler hem ädildi. Ýöne soň bu iş, näme üçindir, togtadyldy.

Eger adamlar ýaragsyz gulluk eder ýaly aýry-aýry harby bölümler döredilse, bu mesele iki tarap üçin-de, türkmen häkimiýetleri üçinem, Iogowa şaýatlary üçinem gowy çözülerdi. Häkimiýetler isleseler muny edip bilerdiler we prinsipde emele gelen ýagdaýdan çykmagyň köp sanly medenileşen ugur-ýoly bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen döwleti haýsam bolsa bir diniň ýa dini akymyň tarapyny tutýar diýip bolarmy? Ýagny Türkmenistanda haýsam bolsa bir dine aýratyn mümkinçilik döredilýärmi ýa umuman dini çäklendirme barmy?

Farid Tuhbatullin: Häkimiýetler iş ýüzünde yslamyň sünni mezhebini goldaýarlar we belli bir derejede prowaslawiýa goldanylýar. Beýleki dini guramalar berk gözegçilik astynda saklanýar. Ýöne bu sünnüleriň we prawoslawlaryň öz dini ynanjyna erkin eýerip bilýändigini aňlatmaýar. Prezidentiň ýanyndaky dini işler geňeşi sünni metjitlerini hem berk gözegçilikde saklaýar.

Azatlyk Radiosy: Siz okuw, iş hukuklary meselesinde etniki esasda kemsitmeleriň bardygyny aýdýarsyňyz. Emma Türkmenistanda işsizligiň umuman uludygy, okuw jaýlaryndaky orunlaryň ullakan ýetmezçiliginiň bardygy aýdylýar. Onsoň bu diýilýän kemsitmeler ýurtdaky umumy syýasy-ykdysady ýagdaý bilen bagly bolmasyn? Ýa bu ýagdaý milli azlyklaryň hukuklaryna has ýaramaz täsir ýetirýärmi?

Farid Tuhbatullin: Işsizligiň we okuw orunlarynyň milli azlyklaryň wekilleri bilen bir hatarda türkmenleriň özlerine-de deň derejede täsir ýetirýändigi dogry. Gynansak-da, ýurtdaky milli azlyklar barada anyk statistiki maglumat ýok. Ýöne dürli maglumatlara görä, Türkmenistanyň ilatynyň 20 prosent çemesini milli azlyklar tutýar. Şu ýagdaýdan çen tutulsa, islendik okuw jaýynda okaýan başga millet wekilleriniň sany 20 prosentden kän az bolup çykar, ol 1 prosent bolsa zor boldugy.

Ýa-da bolmasa, Türkmenistanyň 120 deputatly parlamentini alyp görüň. Ol ýerde, statistika boýunça deň wekilçilik bolsa, 30 çemesi adam milli azlyklara wekilçilik etmeli. Ýöne türkmen parlamentinde milli azlyklaryň şeýle derejedäki wekilçiligi ýok. Hatda özbekleriň, buluçlaryň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde hem deputatlar türkmenlerden saýlanýar. Bu ýagdaý milli azlyklaryň wekilleriniň türkmenler bilen deň hukugynyň ýokdugyndan habar berýär. Bu türkmen halkynyň däl, türkmen häkimiýetleriniň syýasaty.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, ýurtda milli azlyklaryň hukuklarynyň goragyny güýçlendirmek üçin gyssagly nämeler edilmeli we bu meselede çözgüt nämä bagly?

Farid Tuhbatullin: Häkimiýetleriň öz syýasatlaryna täzeden seretmegi gerek. Mysal üçin, haýsam bolsa bir milli azlyga degişli medeni merkez, aýdaly, özbek teatry, gazak saz ansambly dörediljek diýilse, gorkmak gerek däl. Bu ýerde hiç hili erbetlik ýok, tersine şol milli azlyklaryň wekilleri Türkmenistanyň bu ädimine gowy baha bererler. Belki-de Türkmenistandaky ol ýa-da beýleki milli azlygyň medeniýetine degişli jemgyýetçilik birleşiginiň döredilmegi bu meseläni bolmanda bölekleýin çözmäge kömek eder.

Prezident Berdimuhamedowyň özi hem täze garaşsyz habar serişdeleriniň döredilmeginiň zerurlygy barada gürrüň edýär. Häzir bu ugurda diňe “Rysgal” gazeti bar. Ýöne näme üçin ol ýerdäki özbeklere özbek dilinde gazet çykarmaga rugsat bermeli däl? Olaryň sany az däl we bir ýerde köplük bolup ýaşaýarlar. Men olaryň dilinde gazet çykarylsa, erbet bolar öýtmeýärin. Şeýle edilse, milli azlyklaryň wekilleri öz ýagdaýlarynyň gowulaşýandygyny duýar, özlerine hoşniýetli garalýandygyny bilerler we öz ýurtlarynda ikinji sort adam däldiklerine düşünerler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG