Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrozona krizisi goňşularyň ösüşini haýalladyp biler


Gresiýa häzir ýewro zonasyndaky krizisiň merkezi.
Gresiýa häzir ýewro zonasyndaky krizisiň merkezi.
Ýewro zonasyndaky krizis Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Ýewropadan Merkezi Aziýa çenli bolan goňşularyna zyýan ýetirýär. Munuň iň agyr zarbasy hem Günorta we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna degýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň aýtmagyna görä, bu ýurtdlarda ösüş derejesi üstümizdäki ýyl 1 prosent bolar. Öten ýyl bolsa ol mundan ýarym esseden ýokary bolupdy.

Jeromin Zettelmeýer Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň baş ykdysadyýetçisiniň orunbasary we barlag direktory. Ol bu hakda şeýle diýýär:

—Biz ýewro zonasyndaky krizis özüniň iň erbet täsirini Günorta-Gündogar Ýewropa ýetirer diýip pikir edýäris. Munuň sebäbi hem ilki bilen bu ýurtlaryň söwda hem maliýe kanallary arkaly ýewro zonasyna ýokary derejede integrirlenenliginde. Şol sebäpden biz maliýe şertleri ýaramazlaşar, kredit akymynyň haýallamagy ýewro zonasyndan bu regiona hem syrygar diýip çaklaýarys. Aslynda bu maliýe taýdan şu wagt hem görnüp dur.

Balkanlardaky ýurtlaryň köpüsi ýewro zonasyndaky ýurtlaryň arasynda özlerine iň ýakyn ýurt bolany üçin grek ykdysadyýeti bilen ilteşikli. Gresiýa hem häzir ýewro zonasyndaky krizisiň merkezi. Şol sebäpden olar bu ýurda kömek edilip, öz ýükleriniň ýeňlemegini umyt edýärler.

Tutuşlygyna alanyňda ýewro zonasynyň ösüş derejesiniň peselip, importa bolan isleginiň azalmagyndan onuň söwda ýaranlarynyň ählisi ejir çekýärler. Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky üstümizdäki ýylda ýewro zonasynda ösüş nol prosentden ýokary bolar diýip garaşanok.

Zettelmeýer importa bolan islegiň azalmagynyň zyýany Ukraina ýaly uzak goňşulara-da ýeter diýen pikirde. Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň çaklamagyna görä, Ukrainada ösüş öten ýyl 5 prosent bolan bolsa, bu ýyl 2.5 prosente geler.

—Ukraina Ýewropa Bileleşigine ep-esli haryt eksport edýär. Bank ulgamynda hem Ýewropa Bileleşigndäki banklar bilen ilteşigi bar. Galyberse-de, öňki global krizisden çekilen zyýanlar bar. Indi hemme zat tersine bolsa, onda ol ýaramaz ýagdaýa düşüp biler—diýip, Zettelmeýer aýdýar.

Kawkaz regiony

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň çaklamagyna görä, Kawkazda iň agyr zyýana uçran Gürjüstan bolar. Sebäbi ol ykdysady ösüş üçin Günbataryň maýa goýmagyna gönümel garaşly.

Ermenistanyň ýagdaýy az-kem gowy. Sebäbi onuň ykdysadyýeti ilkinji nobatda daşary ýurtlarda, aýratyn-da Orsýetde işleýän işçileriniň iberýän pullaryna daýanýar.

Ýewro zonasyndaky krizisiň öz täsirini ýetirip bilmejek ýeke-täk ýurdy – nebit-gaza baý Azerbaýjan. Ýöne Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky onuň ösüş derejesiniň hem başga sebäplere, aýratyn-da energiýa senagatyndaky problemalar zerarly az-kem aşaklamagyna garaşýar.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň çaklamagyna görä, 2012-nji ýylda ykdysady ösüş Orsýetde 4,2, Merkezi Aziýada hem 7 prosent bolar.
XS
SM
MD
LG