Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda geçirilen protestlerde azyndan bäş adam öldi


Owganystanda NATO-nyň bazalarynyň birinde Gurhanyň ýakylmagy bilen bagly geçirilen protestlerde azyndan bäş adam öldi.

Polisiýa Kabulda we Jalalabatda adamlaryň bir toparyny dargatmak üçin olara garşy ýaraglardan ot açdy.

Azatlyk Radiosynyň Jalalabatdaky habarçysynyň berýän maglumatyna görä, polisiýa gazaba münen protestçileri saklamak üçin ýaraglardan ot açypdyr.

NATO-nyň Halkara güýçleriniň metbugat wekili brigadir-general Karsten Jeýkobson Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

—Bu görnetin ýalňyş boldy. Bu dini esbaplara, hususan-da Gurhana gödek çemeleşmegiň nämedegine düşünmezlikden döreýär. Bu juda görnetin zat.

Bu aralykda ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasy öz işgärlerini howpsuzlyk üçin binanyň içinde saklaýar.

Owgan häkimiýetleri Kabulda ýagdaýlary durnuklaşdyrmak üçin ýüzlerçe polisiýa işgärini köçelere çykardylar.
XS
SM
MD
LG