Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ruhany lideri ýadro ýaragyna mätäç daldiklerini aýdýar


Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýi ýurduň ýadro ýaragyny döretmek ugrunda tagalla etmeýändigini aýtdy:

— Biz özümiziň ýadro ýaragyna mätäç däldigimizi aýdýarys. Biziň pikirimizçe, güýç ýadro ýaragynda däl. Şeýle-de biz ýadro ýaragyna bagly bolan islendik döwleti ýok ederis. Nesip bolsa, millet muny amala aşyrmagy başarar.

Mundan öň, Halkara Atom Energiýasy Gullugy şu hepde öz ekspertleriniň Eýrana eden saparynyň netijelerine nägileligini bildiripdi.

Hameneýiniň çarşenbe güni eden beýanatynda Eýranyň ýadro ýaragyny döretmek ugrunda tagalla etmeýändigi nygtalýar. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Tähranyň dünýäniň ýadro ýaragly döwletleriniň “agalygyny ýatyrmagy” maksat edinýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG