Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýanyň daşary işler ministri wezipesinden çekildi


Awstraliýanyň daşary işler ministri Kewin Rad wezipesinden çekildi. Ol bu barada Birleşen Ştatlara edýän saparynyň dowamynda aýtdy.

Kewin Rad ýurduň premýer-ministri Julliýa Gillardyň goldawynyň ýoklugy üçin öz wezipesini mundan beýläk dowam etdirip bilmejekdigini aýtdy.

Çaklamalara görä, Radyň Gillarda garşy çykyp, premýer-ministriň kürsüsini täzeden eýelemäge synanyşmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG