Sepleriň elýeterliligi

Halkara jemgyýetçiligi Siriýada žurnalistleriň öldürilmegini ýazgarýar


Halkara jemgyýetçiligi Siriýada onlarça parahat ilatyň, şol sanda iki sany günbatarly žurnalistiň öldürilmegini berk ýazgarýar.

Britan gazetine işleýän meşhur amerikan žurnalisti hem-de Fransiýanyň fotožurnalisti çarşenbe güni Homs şäherinde Siriýanyň harby güýçleriniň oppozisiýa garşy ýaragly hüjüminde öldürildi.

Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, şol gün prezident Başar al-Assadyň howpsuzlyk güýçleriniň oppozisiýa we pitneçilere garşy ýaragly hüjümleriniň dowam etdirilmegi bilen bütin Siriýa boýunça 60-dan gowrak adam öldürilipdir.

“Sunday Times” gazetiniň 56 ýaşly habarçysy Mariýe Kolwin hem-de 28 ýaşly fransuz fotožurnalisti Remi Oçlik Baba Amr etrabynda ýerleşdirilen media merkezine düşen okda öldürildi. Bu ýer Homsuň iň güýçli garşylyk görkezilýän ýeri hasaplanýar.

Şol ýerde ýene-de üç sany günbatarly žurnalistiň ýaralanandygy habar berildi. Olaryň arasynda bir fransuz žurnalisti agyr ýagdaýda ýatyr.

Aktiwistleriň bellemegine görä, mart aýyndan bäri hökümete garşy protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde ölenleriň sany 7,600-a ýetipdir.
XS
SM
MD
LG