Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti Karzaý halky köşeşmäge çagyrdy


Owganystanyň içeri işler ministri iki gün dowam eden protestde ýedi adamyň ölendigini habar berdi.
Owganystanyň içeri işler ministri iki gün dowam eden protestde ýedi adamyň ölendigini habar berdi.
Çarşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý NATO-nyň bazasynda Gurhanyň depelenmegine garşy protestçiler bilen polisiýanyň aralygynda ýüz beren ganly çaknyşyklardan soň halkyny köşeşmäge çagyrdy.

Owganystanyň içeri işler ministri iki gün dowam eden protestde ýedi adamyň ölendigini habar berdi. Ministriň aýtmagyna görä, çarşenbe güni Kabulda, Jalalabatda hem-de Logar welaýatynda gazaba düşen owgan protestçileri daşary ýurt harby bazalaryna, Owganystanyň polisiýasyna we hökümet edaralaryna hüjüm edenlerinde polisiýa üç adamy atyp öldüripdir.

Parwan welaýatynda Bagram uçar bazasynyň golaýyndaky protestde dört adam öldürilipdir. Bu bazada, NATO-nyň aýtmagyna görä, Gurhanyň birnäçe kopiýasy “tötänlikde” ýakylypdyr.

Çarşenbe güni howpsuzlyk çäreleri sebäpli ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasy öz işgärlerine binadan çykmazlygy maslahat berdi.
XS
SM
MD
LG