Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Mubarege garşy höküm 2-nji iýuna bellendi


Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarek näsag arabasynda suduň zalyny terk edýär, Kair, 2012-nji ýylyň 2-nji ýanwary.

Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarek näsag arabasynda suduň zalyny terk edýär, Kair, 2012-nji ýylyň 2-nji ýanwary.

Müsüriň wezipesinden agdarylan prezidenti Hosni Mubaregiň garşysyna gozgalan iş boýunça höküm çykarmak üçin sud diňlenişigi 2-nji iýuna bellenildi.

Kazy bu barada ýedi aý bäri dowam edip gelýän sud diňlenişiginiň çarşenbe güni geçen soňky maslahatynda yglan etdi.

30 ýyl Müsüri dolandyran Mubaregiň geçen ýylyň fewral aýynda wezipesinden gitmegine sebäp bolan giň gerimli protestlerde parahat ilatyň öldürilmegi bilen, oňa garşy jenaýat işi gozgaldy.

Gozgalaňda 800-den gowrak adam öldi, olaryň arasynda köpüsi polisiýa tarapyndan öldürilen demonstrantlardyr.
XS
SM
MD
LG