Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwisti möhletinden öň azatlyga goýberildi


Azerbaijan -- opposition activist Elshan Hasanov

Azerbaijan -- opposition activist Elshan Hasanov

Azerbaýjanyň “Musawat” oppozisiýa partiýasynyň aktiwisti möhletinden öň azatlyga goýberildi.

Elşan Hasanow geçen ýylyň 2-nji aprelinde hökümetiň syýasatyna garşy Bakuwda gurnalan we polisiýa tarapyndan basylyp ýatyrylan protestde 13 sany aktiwist bilen bilelikde tussag edilipdi.

Arap dünýäsindäki ýaly, oppozisiýa aktiwistleri birnäçe protest ýörişini gurnamaga çagyryş edip, demonstrasiýa geçiripdi.

Hasanow geçen ýylyň awgust aýynda 18 aý türme tussaglygyna höküm edildi, ýöne soňra ol bir ýyla çenli azaldyldy.

Hasanowyň garyndaşlarynyň Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna aýtmaklaryna görä, ýarawsyzlykdan ejir çekýän Hasanow çarşenbe güni azatlyga goýberilipdir.
XS
SM
MD
LG