Sepleriň elýeterliligi

Özbek ymamynyň janyna kast etmäge synanyşyldy


Obidhon Kori Nazarow

Obidhon Kori Nazarow

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň berýän maglumatyna görä, Şwesiýanyň Stromsund şäherinde Özbegistanyň meşhur ymamy Obidhon Kori Nazarowyň janyna kast etmäge synanyşyk bolupdyr.

Maglumata görä, ol 3-4 okdan ýaralanyp, häzir agyr ýagdaýda ýatyr.

Nazarow Şwesiýada syýasy bosgun bolup, 2006-njy ýyldan bäri ýaşaýar.

Nazarow we onuň on müňlerçe tarapdary prezident Yslam Karimowyň režiminiň iň güýçli garşydaşlarynyň arasyna girýär.
XS
SM
MD
LG