Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: BAE-däki ilçisi wise-premýer wezipesine bellendi


Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirligindäki ilçisi Nökergeldi Atagulyýew wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, 22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda ol bu wezipä tassyklanypdyr.

Atagulyýew Türkmenistanyň söwda we ýeňil senagat işlerine jogap berer.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Baýar Abaýew, dokma senagaty ministri Aýnabat Babaýewa, döwlet ministri – “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa, döwlet söwda-satyk biržasynyň başlygy Şaberdi Meredow we Türkmenistanyň Ýokary gözeçilik edarasynyň başlygy Batyr Atdaýew wezipelerine täzeden bellenildi.
XS
SM
MD
LG