Sepleriň elýeterliligi

Tanymal özbek ruhanysy kast ediş synanyşygyndan aman galdy


Tanymal özbek ymamy Obidhan Kary Nazarow

Tanymal özbek ymamy Obidhan Kary Nazarow

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Şwesiýanyň Stromsand şäherinde ýaşaýan tanymal özbek ymamy Obidhan Kary Nazarowyň janyna kast etmäge synanyşylandygyny aýdýar.

Nazarowa ýakyn çeşmeleriň biri onuň aman gutulandygyny, ýöne üç-dört gezek tüpeňlenensoň, ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Nazarow, 2006-njy ýylda syýasy gaçybatalga berleli bäri, Şwesiýada ýaşaýar.

Onlarça müň tarapdary we janköeri bolansoň, ol prezident Yslam Kerimowyň režiminiň iň bir täsirli garşydaşlarynyň biri hasaplanýar.

Ol 2006-njy ýylyň martynda, Şwesiýa gelenine kän salym geçmänkä, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Alişer Sydykowa interwýu berip, sekiz ýyllyk ümsümligini bozdy. Şol wagt, 1998-nji ýyldan bäri Gazagystanda gizlenip ýaşan Nazarowa we onuň maşgalasyna ýap-ýaňy BMG-niň bosgunlyk durumy berlipdi.

Nazarow 1990-njy ýyllarda Merkezi Aziýadaky iň tanymal ymamlaryň biridi we hut şu ýagdaý hem ony özbek prezidenti Yslam Kerimowyň hökümetiniň nyşanasyna öwürdi.

Özbek häkimiýetleri üçin adam hukuklaryny goraýjylar we žurnalisttler terrorçylar bolup durýar. Bu hili ýagdaýda, eger saňa şeýle aýyplama bildirseler, hiç reaksiýa bildirmeli däl.
Ol Azatlyk Radiosyna interwýu berende 47 ýaşyndady. Özbek häkimiýetleri dini ekstremizmde we terrorçylykda aýyplap, tussag etmek kararyna gelensoň, Nazarow Daşkentden Gazagystana gidipdi. BMG Nazarow özbek häkimiýetleriniň syýasy ýanamalarynyň pidasy we goraga mätäç diýen karara geldi.

Nazarow bosgunlykda dünýewi oppozisiýanyň we Özbegistandaky demokratiki özgerişleriň öňdebaryjy goldawçylarynyň birine öwrüldi.

Ol Azatlyk Radiosyna Kerimowyň hökümetiniň sowet günlerinden bäri yslama “adalatly çemeleşmändigini” we “häkimiýetdäki adamlaryň öz isleglerini halkyň isleginden ileri tutandygyny” aýtdy.

“Indi biz özbegistanda şol bir ýagdaýy görýäris. Olar halka giň mümkinçilik bermek islemeýärler. Hakykatda Alla adamlaryň azat-erkin ýaşamagyny we köp mümkinçilige eýe bolmagyny isleýär, emma hökümet resmileri kommunist usullary esasynda dolandyrmak isleýärler” diýip, Nazarow aýtdy.

Nazarow özüniň hökümet basyşyna “zamana özgerdi we men siziň buýruklaryňyzy ýerine ýetirmek islemeýärin” diýip jogap berendigini aýtdy.

Bu ýagdaý ony Daşkendiň gözi bilen seredilende terrorça öwürdi we Nazarow Özbegistandaky wahhabistleriň ýolbaşçylygynda aýyplandy.

Nazarowa hüjüm edilenden soň, polisiýa onuň jaýynyň töwereginde, 23-nji fewral.

Nazarowa hüjüm edilenden soň, polisiýa onuň jaýynyň töwereginde, 23-nji fewral.

Ol bu aýyplamany ret etdi. “Biz Allanyň sözleri we pygamberiň hadysalary esasynda wagyz edýäris” diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Emma bizi islemeýänler bize köp aýyp bildirýär. Bu gülkünç, ýöne özbek häkimiýetleri üçin adam hukuklaryny goraýjylar we žurnalisttler terrorçylar bolup durýar. Bu hili ýagdaýda, eger saňa şeýle aýyplama bildirseler, hiç reaksiýa bildirmeli däl. Men hökümeti ýarag bilen çalyşmagy goldamaýaryn. Biz gowulyga tarap üýtgeşmäniň parahatçylyk esasynda bolmagyna bil baglaýarys”.

Şeýle-de Nazarow özüniň we tarapdarlarynyň Özbegistanda yslam döwletini guramakçy bolýandyklary barada aýydylýanlary ret etdi. Ol musulmanlaryň, hristianlaryň hem beýleki dinleriň wekilleriniň ählisiniň peýda görüp biljek din azatlygynyň bolmagyny arzuw edýändigini aýtdy.

“Biz adam hukuklaryna hormat goýulýan we din azatlygy kepillendirilýän jemgyýet isleýäris” diýip, ol aýtdy.
XS
SM
MD
LG