Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Arçmandan soň ýol ýok’


Aşgabat Türkmenbaşy ýoly
Aşgabat Türkmenbaşy ýoly
Aşgabatdan Balkanabada barýançaň 400 töweregi kilometr ýol geçmeli. Bu ýol boýunça kireý edýän taksiçilerden Balkanabada barýan gara ýoluň ýagdaýy barada sorasaň, Arçmandan soň ýol ýok diýýärler. Ylaýtada bu ýoluň Aşgabat-Gökdepe aralygyny galan bölegi bilen deňeşdirseň, “Arçmandan soň ýol ýok” diýenleriň mamladyklaryna düşünýärsiň.

38 ýaşly Mämmet Aşgabat-Balkanabat aralygynda kireý edýär. Ol BMW kysymly awtoulagy sürýär. Awtoulagyň bu markasy balkanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe. Nemes awtoulag industriýasynyň awtoulagy BMW-niň adynyň abbrewiaturasyny “Balkan meniň watanym” diýip, özboluşly terjime edýänlerem bar. Bu ýagdaý “Balkana düşen BMW-niň armany bolmaz” diýen häzirki zaman “atalar sözüniň” emele gelmegine hem getirdi.

Mämmet hem “Arçmandan soň ýol ýok” diýýänleriň biri. Ol öz pikirini şeýle beýan edýär:

—Elbetde, asla ýol ýok diýmek bolmaz. Emma şol ýoluň diňe ady bar diýse bolar. Ýoluň üsti çukurdan doly, ýoluň çapylan ýerleri bolsa awtoulaglaryň tigirlerini çapýar. Bu ýagdaý ulaglara howp döredýär. Ýoluň ep-esli bölegi çöllük ýerden geçýär. Ilatly punktlaryň deňinden geçýän ýerleri hem şol ilatly punktlardan uzakda. Ýolda döwlen awtoulaglaryň dadyna ýetişjek ýok. Diňe ýoldan geçip barýan beýleki awtoulglaryň sürüjileriniň kömegine umyt edäýmek galýar.

Ýöne kä halatlarda ýoldan geçip barýan awtoulaglaryň kömegi hem ýeterlik bolmaýar. Hususan-da, uly ýük maşynlar döwlende, olary birnäçe gün ýolda goýup gitmeli bolýandygyny ýük maşynyň eýesi 42 ýaşly Aşyr aýdýar. Ol özüniň hususy ulagynda Aşgabatdan Balkanabada ýük daşaýar. Aşyr Azatlyk Radiosyna bu hakda şeýle gürrüň berýär:

—Şu ýylyň gyşy örän sowuk boldy. Aşgabatda gar çala ýeri agardan bolsa, Balkanda 20-30 santimetr galyňlykdaky gar ýagdy. Ýollar sürçek bolup, ençeme awtoulaglar ýoldan çykyp, ýoluň gyrasyndaky gumluk ýerde batdylar. Olary şol wagt batgalykdan çykarmaga mümkinçilik bolmansoň, sürüjiler ulaglaryny ýolda taşlap gitmeli boldular. Gar ýagmadyk güni hem, ulagyň döwülse, ýolda goýup gaýtmaly halatlary az däl.

Bu ýoluň ugrunda taşlanyp gidilen üç sany ýük maşyny Aşyryň bu sözlerini tassyklaýar. Ýolda döwlen ulaglara tehniki kömek berýän ýörite gulluk ýokmy diýlen sowala Aşyr şeýle jogap berdi:

—Ýolda döwlen ulaglara kömek berýän ýörite gulluk asla ýok. Hatda, ýoluň ýaramazlygy sebäpli heläkçilige uçraýan ýolagçylara tiz lukmançylyk kömegi hem wagty bilen ýetişmeýär.

7 sagatlyk ýol

Aşgabatdan Balkanabada çenli takmynan 7 sagatlyk ýol bar. Käbir taksiçileriň aýtmagyna görä, bu ýoly ondan hem az wagtda geçip bolýar. Aşgabat-Balkanabat aralygynda gatnaýan hususy taksiçiler şeýle hem edýärler. Ýöne munuň üçin Balkan welaýatynda watan tutunan BMW-leri sagatda 100 kilometr tizlikden aşakda sürmeli däl. Elbetde, bu ýagdaý “Balkana düşen BMW-niň armany bolmaz” diýen häzirki zaman “atalar sözüniň” dogrudygyny şübhe astynda goýýar. Ýolagçylary birnäçe sagat dowam edýän uzak we çarkandykly ýol ýadadýar. Emma olara ýoldan sowlup dynç almaga düşlemek üçin şertler ýok. Diňe bu ýoluň käbir uly ilatly punktlaryň içinden geçýän böleginde duralga meňzeş ýerler bar. 38 ýaşly Mämmet bu barada şeýle diýýär:

—Ýolagçylar köplenç ýoluň ugrundaky awtobus duralgalarynda düşleýärler. Ýa-da ýoluň gyrasynda durýarlar. Daşary ýurtlardaky ýaly kemping ýok. Şonuň üçin ýoluň gyralary hapa. Iň bolmanda hajathanalar goýlan bolsa-da bolardy.

Mämmediň pikiriçe, telekeçilere ýoluň ugrunda kempingleri, kafeleri açmaga mümkinçilik berilse, bu ýagdaýy düzedip bolar:

—Ýöne, hökümediň özem bu ugurda hiç zat etmeýär. Etjek adamlara hem ýol bermeýär. Ýogsam, ýoluň ugrunda ýerleşýän kiçiräk obalaryň ilatyna bu ýol gazanç çeşmesi bolardy.

Aşgabat-Balkanabat ýolunyň ugrunda täze gurulýan ýoluň suduryny hem görmek bolýar. Ýoluň ugrundaky köpsanly köprüler täze gurlupdyr. Olaryň täze gurlandygyny köprüleriň ýanynda köne köprüleriň beton bölekleriniň zir-zibilinden hem aňmak bolýar. Beton böleklerinden ybarat bu gurluşyk zir-zibiliniň täze gurlan köprülere gelşik bermeýändigine garamazdan, olar aýrylmandyr.

Bu ýoldan gatnaýan taksiçileriň aýtmagyna görä, ýoluň käbir böleginiň gurluşygyny daşary ýurt kompaniýalary amala aşyrýan bolsalar, ýoluň aglaba bölegini türkmen ýol gurluşykçylary gurýarlar.
XS
SM
MD
LG