Sepleriň elýeterliligi

Halk derdini halka ýetiren žurnalist


Halmyrat Gylyçdurdyýew

Halmyrat Gylyçdurdyýew

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýew 22-nji fewralda 72 ýaşynyň içinde agyr keselden soň aradan çykdy.

Halmyrat Gylyçdurdyýew 1940-njy ýylyň 31-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ol Daşkendiň Teatral institutynyň režissýorlyk fakultetini tamamlap, Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatrynda, Ýaş tomaşaçylar teatrynda, “Türkmenfilm” kinostudiýasynda , Türkmen telewideniýesinde režissýor bolup işledi, uly sungat ussatlaryndan tälim alyp, halypalyga ýetişdi. Ýöne ömrüniň soňky onýyllygynda ol ýüzüni žurnalistika öwürdi.

Halmyrat Gylyçduryýew aslyýetinde alan bilimi hem tebigy talanty boýunça sungat işgäri, teatr, kino režissýory. Bu ugurdan uly ussatlar bilen işleşen adam. Gorbaçýowyň aç-açanlyk döwründe Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, Halmyrat Gylyçdurdyýew öz hususy kinostudiýasyny döretdi. Türkmenistanyň oba hojalyk problemalary we ussat pagtaçy Çary Hanamow barasynda öz hasabyna film döredip, ony Moskwada ekrana çykarar ýaly tehniki taýdan taýýarlatdy. Ýöne film tomaşaçylara hödürlenmedi, eden çykdajysy-da ödelmedi. Şonuň bilen Halmyrat Gylyçdurdyýewiň sungat älemindäki ädimleriniň öňüne böwet basyldy.

Şondan soň Halmyrat Gylyçdurdyýew ýüzüni žurnalistika öwürdi. 2000-njy ýyldan başlap ol türkmen teatr, kino sungatynyň, telegepleşikleriniň problemalary barasynda öz garaýyşlary bilen Azatlyk Radiosynda ýiti çykyşlar edip ugrady. Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Aman Gulmämmedow, Baba Annanow ýaly sungat ussatlary barada ýiti hem täsirli gürrüňler berýärdi. Halmyrat Gylyçdurdyýew Azatlyk Radiosynyň ýörite programmalaryna, tegelek stol gepleşiklerine aktiw gatnaşyp, taýýarlaýan gepleşiklerinde türkmen jemgyýetiniň iň agyryly meselelerini gozgaýardy.

Söz we metbugat azatlygy

Ýurtda söz, metbugat azatlygy meselesi başgaça pikir ýöredýän her bir adam üçin, şol sanda Halmyrat Gylyçdurdyýew üçinem iň bir wawwaly meseledi:

—Türkmenistanda žurnalistikanyň ýagdaýy öňki bolşy ýaly. Soňky döwürde edilen iş ýok söz, metbugat azatlygy barasynda. Prezident: “Bizde adamlar yzarlanmaýar tankyt üçin” diýdi. Bu gowy zat, emma Howpsuzlyk ministrligi adamlary tankyt üçin yzarlaýar. Iň bärkisi, ine, düýn meniň özümi çagyrdylar, olar bilen duşuşdyk. Gazetdir žurnallar, radiodyr telewideniýe, howpsuzlyk ministrligi – şular şu prezidente ýaranjak bolup, prezidentiň göwnünden turjak bolup, gereginden artyk iş edýärler. Bular şeýlelikde prezidente peýda bermäniň ýerine zyýan edýärler. Telpegini al diýseň, kellesini alýarlar.

Halmyrat Gylyçdurdyýew Azatlyk Radiosy bilen saklaýan hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň ýörite gulluklaryndan birnäçe gezek duýduryş alandygyny, ýöne oňa garamazdan, hakykata göz ýumup bilmejekdigini telefon gürrüňinde häli-şindi nygtaýardy. Azatlyk Radiosynyň şol wagtky Aşgabatdaky habarçysy S.Öwezberdiýew köp wagtlap öý tussaglygynda saklanansoň, 2004-nji ýylda ABŞ-a emigrasiýa çykmaga mejbur boldy. Onuň habarçylyk işini Halmyrat Gylyçdurdyýew öz üstüne aldy. Azatlygyň türkmen paýtagtyndaky habarçysy boldy.

Hupbatly kär

2004-nji ýylyň tomsunda gözüni operasiýa etdirip, ertesi daňysyny täzeletmäge keselhana baranda, göz keselleri institutyndan çykan badyna Türkmenistanyň MHM-niň işgärleri ony gündiziň güni maşyna basyp, alyp gidipdiler. Dört gün gözi ýaraly halyna MHM-niň tussaghanasynda oturdy. Ol halkara guramalaryň türkmen häkimiýetlerine gysyşlary, Günbatar döwletleriň tagallalary bilen azatlyga çykaryldy. Ýöne ol barybir yzygiderli yzarlanmalara sezewar edildi. Şeýle ýagdaýdaryň biri barasynda 2006-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Azatlyk Radiosyna Halmyrat Gylyçdurdyýew şeýle gürrüň beripdi:

—Men şu gün şähere bir iş bilen gitmekçi bolanymda, uçastok polisiýasy Çary bilen howpsuzlyk gullugynyň işgäri saklady. “Ýaşuly, siz biz bilen gitmeli bolarsyňyz” diýip, howpsuzlyk gullugynyň işgäri aýtdy. “Näme üçin?” diýip soradym. “Siz bilen tanyşmak isleýäris” diýip, ol jogap berdi. “Men siziň bilen hiç ýerik gitmerin. Onsoňam meniň bilen çözmeli meseläňiz bar bolsa, maňa çakylyk hatyny beriň, şol çakylyk hatynyň ýüzünde näme sebäp bilen çagyrýandygyňyzy görkeziň” diýip, men oňa aýtdym. “Biz çakylyk hatsyz gürleşmekçi. Biz siziň gije-gündiz howpsuzlygyňyzy goraýarys. Eger gitmeseňiz, biz sizi zor bilen äkitmeli bolarys” –diýip, hukuk goraýjy işgär aýtdy. Men 10 ýyl gowrak işsiz gezdim. Radioda, telewideniýede 60 gowrak režissýor bar, biriniňem ýörite diplomy ýok. Men ýörite diplomly režissýor bolsamam, meni işe almadylar. Şol wagt hukuk goraýjy organlar nirede boldy? Bir ýyl bäri telefonym işlänok, ine, uçastkowoý Çaram ýanymda otyr. Näme üçin hukuk goraýjy organlar meniň hukugymy goranok? Muňa nähili düşünmeli? - diýip, men olara ýüzlendim.

Yzarlanmalar munuň bilen-de tamamlanmady. Ol ogluny öýerende, daşary ýurt diplomatik missiýalaryndan wekilleriň, köp sanly myhmanlaryň bardygyna garamazdan, ýörite gulluklaryň işgärleri toý edilýän ýeri birnäçe gezek üýtgetmäge mejbur etdiler, ahyrky toý tutulýan ýerde –restoranda aýdym-saz gidip durka, elektrik toguny öçürip, toýy dargatdylar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde köp ýyllap işlän gyzy Jenneti işden çykardylar. Ähli hat-petegi düzüw ýagdaýda saglygyny barlatmak üçin Moskwa gitjek bolanda, ony Aşgabat aeroportunda uçardan alyp galdylar. Halmyrat Gylyçdurdyýewiň onlarça mobil telefonyny, öý telefonyny kesdiler.

Ýöne Türkmenistanyň dürli künjeklerinden dürli meseleler bilen raýatlar arzy-halyny häkimiýetlere ýetirmek üçin Halmyrat Gylyçdurdyýewiň ýanyna gelýärdiler, oňa ynanýardylar. Ol bu barada bir gezek şeýle gürrüň beripdi:

—Işçi jübüsinden bir hat çykaryp, maňa uzatdy. Men şol hatyň mazmuny bilen tanyşdyrmakçy. “Hormatly Azatlyk raldioprogrammasy! Bizem sizden we prezidentimizden kömek sorap, şu arzany size ýollaýarys. Bu haty Mary welaýatynyň Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän kärhanasynyň işgärleri bolup ýollaýarys we prezidentimize eşitdirip bermegiňizi haýyş edýäris. Biz maý aýyndan bäri aýlyk alyp bilemizok. Aýlyk berlenok. Hany ministr? Ol bilenokmyka?” diýip, işçiler hatynyň soňunda ýazýar.

Halmyrat Gylyçdurdyýew Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlygyny, žurnalistik işini ömrüniň ahyryna çenli dowam etdirdi.

Jaýyň jennetden bolsun, mähriban adam, ýiti sözli Halmyrat Gylyçdurdyýew!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG