Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzstanyň prezidenti Moskwa sapar edýär


Gyrgyzstanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzstanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Penşenbe güni Gyrgyzstanyň prezidenti Almazbek Atambaýew üç günlük sapar bilen Moskwa barýar.

Prezident Atambaýewiň bu saparynyň barşynda, esasan, Gyrgyzystan bilen Orsýetiň söwda we biznes gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri barada gürrüň ediler diýlip garaşylýar.

Gyrgyz resmileriniň maglumatyna görä, geçen 2011-nji ýylda Gyrgyzystan bilen Orsýet 1.7 milliard dollarlyk söwda dolanyşygyny amala aşyrypdyrlar.

Bu saparyň öňýany Almazbek Atambaýew Orsýetiň Gyrgyzystandaky öz harby bölümleri üçin ozaldan dowam edip gelýän bergilerini tölemegi üçin Orsýetiň resmilerine basyş etjekdigini aýdybam çykyş edipdi.

Häzirki wagt Gyrgyzystanyň territoriýasynda Orsýetiň torpedo raketalaryny synag edýän bazasy, aragatnaşyk merkezi we seýsmologik stansiýasy ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG