Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan ýedi adamy türme tussaglygyna höküm etdi


Penşenbe güni Täjigistanyň Sogd welaýatynyň sudy kanun tarapyndan gadagan edilen yslamçy ekstremistik toparyň agzalary diýlip hasaplanylýan ýedi adamy türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud ekstremistik “Tabligi-Jemaat” atly guramanyň agzalary diýlip hasaplanylýan bu raýatlary ekstremistik propoganda ýaýratmakda aýyplap, olara 3 ýyl bilen 5 ýylyň aralygynda türme tussaglygyny berdi.

Bu gürrüňi edilýän dini guramanyň işi Täjigistanda 2006-njy ýylda resmi ýagdaýda gadagan edilipdi.
XS
SM
MD
LG