Sepleriň elýeterliligi

Putin özüni goldap gurnalan demonstrasiýa gatnaşdy


Penşenbe güni Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Moskwadaky “Lužniki” stadionynda özüni goldap gurnalan uly demonstrasiýada söz sözläp, çykyş etdi.

Özüniň bu çykyşynda ol käbir sosial-ykdysady meselelere degişli wadalar bilen bir hatarda, Orsýetiň içerki işlerine daşyndan gatyşylmagynyň önüni almaklyga-da söz berdi.

Wladimir Putin 4-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda özüniň ýeňiş gazanjakdygyna uly ynamynyň bardygyny-da nygtady.

Moskwanyň polisiýasy Putini goldap gurnalan bu çärä 100 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG