Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýa hökümetiniň adamzada garşy jenaýatçylykda günäkär bolmagy mümkin


BMG-niň Ynsan Hukuklary boýunça Geňeşi tarapyndan döredilen täze komissiýa penşenbe güni Siriýanyň hökümetiniň ynsanýete garşy jenaýatçylykda günäkär bolmagynyň mümkindigini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Bu baradaky beýanatda käbir “ynamdar delilleriň” Siriýada belli-belli şahsyýetleriň, şol sanda goşun ýolbaşçylarynyň we ýokary derejeli hökümet resmileriniň ynsanýete garşy jenaýatçylyklarda hem-de hukuk bozmalarda jogapkärdiklerini görkezýändigi aýdylýar.

BMG-niň bu komissiýasy gürrüňi edilýän jenaýatçylyklara dahylly hasaplanylýan resmileriň sanawynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň derejesine çenli ýokary derejeli resmileriň bardygyny aýdýar. Ýöne bu sanawdaky adamlaryň anyk atlary heniz jemgyýetçiligi elýeterli edilmedi.
XS
SM
MD
LG