Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň Putini satmak üçin seks ulanyşy


"Putiniň armiýasy" wideosyndan bir sýužet
"Putiniň armiýasy" wideosyndan bir sýužet
"Men gorkýan” diýip, lukmanyň kabulhanasynda oturan ýaş gyz aýdýar, "Men öz saýlawymyň söýgä esaslanmagyny isleýärin”. Lukman oňa seredip şeýle diýýär: "Men saňa düşünýän, ilkinji gezek hemişe şeýle bolýar". Soňra lukman ýüzünde Putiniň suraty çap edilen "Time" žurnalyna üm bilen yşarat edip, şeýle diýýär: "Ynam söýgüdir". Şeýdip, ol gyz şadyýanlyk bilen saýlaw uçastogyna girip gidýär.

"Naşi" ýaşlar toparyna degişli bu reklama Kremliň tarypyny ýetirip, 4-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndan öň Putiniň kandidaturasyny satmak üçin jynsy duýgulary ulanýan wideolaryň soňkusy.



Geçen ýyl Putiniň ýarym-ýalaňaç gyzlardan ybarat armiýasy futbolkalaryny ýyrtyp, "Apple" önümini gutusyndan çykarypdylar. Başga bir ýerde bolsa, gyzlar Putin üçin bileje tort bişiripdiler. Ýa-da aýdaly, "Cool Hand Luke” filmindäki maşyn ýuwulýan sýužetde görkezilýän estetika meňzedip, "Putiniň gyzlary" eşiklerini çykaryp, maşyn ýuwupdylar.

Reklamalar gitdigiçe üýtgäp barýar. Başga bir adam Putin bilen elleşip salamlaşmazyndan öň, köçede gezip ýören gyzlaryň 1000-siniň göwsüni elläp, "gowy tolgunmalary" Putine geçirmek barada karara gelipdi. Köp gyzlar göwsüni elletmäge razy boldy, köpüsi bolsa ret etdi.

Emma baýragy "Putiniň tarapyny tutýan gyzlar" atly klip alýar. Ol ýerde aýdymçy "Jack Daniels" içgisini çüýşesinden owurtlap oturka, Putiniň portretini ogşaýar. Ol Putiniň iti – Konni bolmak isleýändigini hem aýdyp, ýüzüni itiňkä meňzedip boýaýar. Soňra ol has köp çakyr içýär, gitara çalýar, çykarynýar, mynjyrap ýatan kädiniň üstüne tüýkürýär.



Görnüşe görä, Putiniň saýlaw kampaniýasyny dolandyryjylar Jorj Kluneý täsirini gazanmagyň ugruna çykypdyrlar: erkekleriň Putin bolasy gelýär; zenanlaryň Putin bilen bolasy gelýär. Elbetde, kampaniýa reklamalary ýeserlik bilen taýýarlanypdyr, olardaky sýužetlerden gijäniň ýaryndan soňky jadyly telewideniýäniň we pornografiýanyň ysy gelýär. Olar diňe ýaşlary hem nyşana almaýar, söýgüsini gazanmaga çalyşylýan toparlaryň arasynda şäherli, jalaý, ýaş hünärmenler hem bar.

Nebitden gelýän girdejileriň keýpini görüp ýören şol şäherli hünärmenler bir mahallar Putiniň goldawynyň esasy sütüni bolupdylar. Emma indi ýagdaý üýtgedi, jemgyýetiň ýatdan çykarylan orta gatlagy hem has köp syýasy azatlyklary isläp başlady. Emma soňky aýlaryň dowamynda köçelere çykan ors oppozisiýasynyň esasy düzüminiň indi şol ýaş, professional gatlak bolmagy tötänlik däl bolsa gerek.



Orsýetiň ýaş nesli hem bu zatlara biperwaý garaýar. 2007-nji ýyldaky parlament saýlawlarynda geçirilen pikir soralyşyga görä, 18-24 ýaş aralygyndakylaryň diňe bäşden bir bölegi ses berişlige gatnaşmakçydygyny aýdypdyr. Şol ýyl saýlawa gatnaşanlaryň görkezijisi 64% boldy. Bu reklamada ýaş oglan we gyz saýlaw kabinasynda "söýüşýär". Bu ýerde aýdyljak bolýan zat diňe bir "Bitewi Orsýet" partiýasyna ses bermegiň özüne çekijiligi däl, eýsem ses bermegiň hem "seksi" görünýänligi.

Bularyň hemmesini göz öňünde tutanyňda, onda "Obama girl” juda gowşak görünýär.
XS
SM
MD
LG